Ï Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy bilen telefon arkaly söhbetdeşligi

view-icon 627

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.

Söhbetdeşligiň başynda Gahryman Arkadagymyz we Russiýanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy birek-biregi ýetip gelýän täze, 2025-nji ýyl bilen gutlap, iki ýurduň halklaryna bagtyýarlyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler. 

Pursatdan peýdalanyp, Walentina Matwiýenko türkmen halkynyň Milli Lideriniň iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak ugrunda edýän tagallalaryny aýratyn belledi hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize mähirli salamyny  ýetirdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Walentina Matwiýenkonyň iki dostlukly ýurduň arasynda özara düşünişmek, deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýän hyzmatdaşlygyň ilerledilmegine goşýan şahsy goşandyny belledi.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, 2024-nji ýyl ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ugurlaryň giň gerimi boýunça okgunly ösüşine beslendi.  Şunuň bilen baglylykda, geljek ýylyň türkmen-russiýa dostlugyny we hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berjek möhüm çärelere hem-de wakalara baý boljakdygyna ynam bildirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda syýasy dialogyň ähmiýeti bellenildi. Bu dialog netijeliligini hem-de parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýändigini subut etdi.

Şeýle hem 2025-nji ýylda özara hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2025-nji ýyl BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edildi. Şunuň bilen baglylykda, ählumumy syýasata dialog we hormat goýmak medeniýetini gaýtaryp getirmekde dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmegiň möhümdigi bellenildi.

Şunda ýokary jogapkärçilikli we häzirki hem-de geljekki nesilleriň öňünde ynsanperwer wezipäni ýerine ýetirýän zenanlara uly orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri 2022-nji ýylda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň birinji dialogynyň Türkmenistanda üstünlikli geçirilendigini belledi. Bu forum halkara gatnaşyklarynda zenanlaryň döredijilikli ornuny görkezdi we olaryň döwletara gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmagyna möhüm itergi berdi.

Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Walentina Matwiýenka Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň ikinji dialogyny geljek ýylyň maý aýynda Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirmek mümkinçiligine seretmegi teklip etdi.

Bu möhüm çäre Hazar deňziniň parahatçylyk, ylalaşyk, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli hyzmatdaşlyk deňzi, duşuşmagyň, dialogyň we özara düşünişmegiň ýeri hökmündäki taryhy ornuny tassyklar. Munuň özi dünýä syýasatynyň häzirki ýagdaýynda aýratyn ähmiýetlidir. Şeýle hem Hazar deňzinde geçiriljek ikinji dialog bu sebitiň halkara diplomatiýasynyň jogapkärli merkezleriniň biri, hyzmatdaşlygyň we özara düşünişmegiň döredijilikli merkezi bolup durýandygyny äşgär eder.  

Söhbetdeşligiň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz dostlukly ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy täze derejelere çykarmak üçin mundan beýläk-de tagalla etmäge taýýardygyny tassyklady. 

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko birek-biregi ýetip gelýän Täze ýyl bilen ýene bir gezek gutlap, berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler. 

Telefon arkaly söhbetdeşlik rus tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.