Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Sizi hem-de Türkmenistanyň doganlyk halkyny täze — 2025-nji ýylyň ýetip gelmegi bilen tüýs ýürekden gutlamaga we iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn.
Tamamlanyp barýan ýylda Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasynda strategik hyzmatdaşlyga esaslanýan köpugurly we uzak möhletleýin gatnaşyklaryň okgunly ösdürilendigini, hil taýdan täze derejä çykarylandygyny bellemek isleýärin. Täze ýylda bilelikdäki tagallalarymyzyň, ýokary derejedäki özara saparlarymyzyň netijesinde doganlyk halklarymyzyň arasyndaky ynanyşmak, hormat goýmak hem-de birek-biregi goldamak ruhunda ösdürilýän gatnaşyklaryň has-da giňeldiljekdigine ynanýaryn.
Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we ösüş arzuw edýärin.
Hormatlamak bilen,
Şawkat Mirziýoýew,
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Ýetip gelen täze — 2025-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Türkmenistanyň doganlyk halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli işiňizde Size egsilmez güýç-kuwwat we uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Kasym-Žomart Tokaýew,
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Sizi täze — 2025-nji ýylyň ýetip gelmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk ruhunda üstünlikli ösdürilýär. Ikitaraplaýyn haryt dolanyşygy oňyn görkezijiler bilen tapawutlanýar. Senagat, ulag, medeni-ynsanperwer, beýleki ulgamlarda geljegi uly bilelikdäki taslamalar durmuşa geçirilýär. Ikitaraplaýyn we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça netijeli dialogy hem-de yzygiderli işlerimizi dowam etdirjekdigimize ynanýaryn. Munuň özi biziň dostlukly halklarymyzyň, Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmegiň bähbitlerine laýyk gelýär.
Size we Siziň ýakynlaryňyza berk jan saglyk, abadançylyk, üstünlikleri, Türkmenistanyň ähli raýatlaryna bolsa bagtyýarlyk hem-de rowaçlyk arzuw edýärin.
Hormatlamak bilen,
Wladimir Putin,
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Täze ýylyňyz gutly bolsun!
Si Szinpin,
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Sizi Täze ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.
Tamamlanyp barýan 2024-nji ýylda dostlukly täjik-türkmen gatnaşyklaryny hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek ugrunda möhüm çäreleriň durmuşa geçirilendigini bellemek örän ýakymly. Munuň özi biziň doganlyk halklarymyzyň bähbitlerine laýyk gelýär. Biz netijeli döwletara dialogy, ýurtlarymyzyň arasyndaky özara düşünişmek, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan özara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça bilelikdäki tagallalary dowam etdirmegi maksat edinýäris.
Ýetip gelen 2025-nji ýylda biziň giň gerimli, uzak möhletleýin gatnaşyklarymyzyň çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk ruhunda mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynanýaryn.
Size berk jan saglyk, maşgala bagtyýarlygyny, täze üstünlikleri, doganlyk türkmen halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, durnukly ösüş arzuw edýärin.
Hormatlamak bilen,
Emomali Rahmon,
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Size iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.
Ilham Aliýew,
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Täze ýyl baýramy mynasybetli gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.
Ýaponiýanyň Premýer-ministri
Sigeru Isiba maşgalasy bilen.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňiz!
Size mähirli gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ýollaýaryn, Türkmenistanyň halkyny bolsa ýetip gelen Täze ýyl mynasybetli gutlaýaryn. Size we ýurduňyzyň dostlukly halkyna geljek ýylda rowaçlyk, ykdysady ösüş, parahatçylyk, abadançylyk arzuw edýärin.
Meniň Türkmenistana saparymyň çäklerinde geçirilen gepleşikleriň hyzmatdaşlygymyzyň pugtalandyrylmagyna we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynanýaryn.
Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,
Waagn Haçaturýan,
Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti.