Nebitgaz toplumy
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň energetika syýasaty milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan nebitgaz senagatyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge we onuň halkara energetika ulgamyna okgunly goşulyşmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzda bu pudakda amala aşyrylýan iri maýa goýum taslamalary diňe bir ykdysady ähmiýete eýe bolman, eýsem, sebit we ählumumy energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmakda-da möhüm wezipäni ýerine ýetirýär. Şunda durnukly ykdysady ösüş üçin täze infrastruktura energetika taslamalaryny döretmek, pudagyň ägirt uly mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak, ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply, ekologik taýdan arassa önümlere bolan islegi göz öňünde tutup, onuň dünýä bazaryndaky ornuny berkitmek, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmak we ösdürmek, bu maksatlara ýetmek üçin öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary, abraýly maliýe düzümleri bilen işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak esasy wezipeleriň hataryndadyr.
Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz 2024-nji ýylyň 12-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekip, nebitgaz senagatynyň milli ykdysadyýetimiziň wajyp pudaklarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz topluma degişli kärhanalaryň önümçilik kuwwatyny artdyrmak üçin döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagy we toplumlaýyn çäreleri görmegi dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Mundan başga-da, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Hazar deňzi sebitinde uglewodorod serişdelerini gözlemek we özleşdirmek üçin daşary ýurt kompaniýalaryny çekmegi, türkmen geologlary tarapyndan uglewodorod serişdeleriniň geljegi uly gatlaklaryny gözlemek, barlamak işlerini netijeli dowam etdirmegiň zerurdygyny aýdyp, oňa halkara tejribäni giňden ornaşdyrmagy tabşyrdy.
Daşky gurşawy goramak baradaky halkara borçnamalardan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek, dünýäniň ösen döwletleri, abraýly halkara guramalar, iri kompaniýalar bilen giň halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak, zyňyndy gazlaryň möçberini azaltmak boýunça Pariž ylalaşygyna goşulmak bilen baglylykda, Türkmenistanda birnäçe maksatnamalaryň kabul edilendigini bellemek gerek. Metanyň howa ýaýramagynyň ýaramaz netijelerini azaltmak we ýok etmek maksady bilen, umumydöwlet çäreleri amala aşyrylýar. Gürrüň, ilkinji nobatda, energetika, senagat, ulag pudaklaryna ekologik taýdan arassa, serişde tygşytlaýjy häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga tapgyrlaýyn geçmek hem-de peýdalanmak barada barýar. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň elektroenergetika pudagynyň önümçilik kuwwaty artdy we tebigy gazda işleýän, iň täze tehnologiýalary özünde jemleýän, döwlet energiýa paýlaýjy ulgamyna girýän döwrebap elektrik stansiýalarynyň birnäçesi hereket edýär. Häzirki wagtda gaz pudagy ýangyç-energetika toplumynyň möhüm binýadyny emele getirýär we ýurdumyzyň umumy senagat önümçiliginiň esasy bölegini düzýär. Bu pudakda täze ýataklary ýüze çykarmak, barlag geçirmek, ulanmaga bermek uglewodorod serişdelerini ibermekden we saklamakdan başlap, taýýar önümi sarp edijilere ýetirmäge çenli önümçilik işiniň ähli tapgyrlarynda ornaşdyrylan öňdebaryjy tehnologiýalar arkaly amala aşyrylýar.
Uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek boýunça innowasion önümçiligi kemala getirmek, ýangyç-energetika toplumynyň eksport kuwwatyny diwersifikasiýa ýoly bilen artdyrmak, täze ýataklary senagat taýdan özleşdirmek, energiýa serişdelerini ibermekde köpugurly turba geçiriji ulgamy döretmek, bu işlerde sanly tehnologiýalaryň, şol sanda 3D we 4D modelirlemek usullarynyň ulanylyş gerimini giňeltmek ýangyç-energetika toplumyny ýokary depginde ösdürmegiň wajyp wezipeleridir. Munuň özi Türkmenistanyň halkara energetika bileleşiginiň öňdebaryjylarynyň biri hökmünde eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga ýardam berýär. Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda halkara ähmiýetli iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegi muny aýdyňlygy bilen subut edýär. Hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy sebitiň energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilip, abraýly halkara maliýe institutlary tarapyndan goldanylýar. Bu energetika taslamasy diňe bir Günorta Aziýanyň ýurtlaryna türkmen tebigy gazynyň iberilmegini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, sebitde parahatçylygy, durnuklylygy berkitmekde-de möhüm ähmiýete eýedir.
Geçen ýylyň sentýabrynda Mary welaýatynda sebitde howpsuzlygyň berkidilmegine, goňşy döwletleriň, sebitiň ýurtlarynyň abadançylygynyň üpjün edilmegine, durnukly ykdysady gurşawyň döredilmegine ýardam bermäge gönükdirilen iri taslamalara badalga berildi. Hususan-da, TOPH transmilli gaz geçirijisiniň wajyp tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşyk işlerine badalga berildi we «Şatlyk-1» gaz gysyjy desgasynyň düýbi tutuldy.
Şeýlelikde, ýangyç-energetika toplumynyň öňünde täze nebitgaz ýataklaryny ýüze çykarmak, uglewodorod serişdeleriniň çykarylýan hem-de gaýtadan işlenilýän möçberini artdyrmak, türkmen energiýa serişdelerini dünýäniň energetika bazarlaryna ibermegiň dürli ugurlaryny döretmek, nebitgaz önümçiliginde innowasiýalary ulanmak, guýulary burawlamak we düýpli abatlamak, şol sanda ýöriteleşdirilen daşary ýurt kompaniýalaryny, maýalaryny çekmegiň hasabyna bu işleri işjeňleşdirmek boýunça möhüm wezipeler durýar. Şunda gözleg işlerini geçirmäge, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmäge uly ähmiýet berilýär. Bu işler «Türkmennebit», «Türkmengaz» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan alnyp barylýar. Uglewodorod çig malyny çuňňur gaýtadan işlemäge ýöriteleşen önümçilik toplumlary hem öňde goýlan maksatlara ýetmäge ýardam berýär. Şolaryň hatarynda içerki we dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan ýokary dykyzlykly polietileni, dürli kysymly polipropileni öndürýän Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesindäki polimer zawodyny, Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawody görkezmek bolar.
Ýurdumyzda nebit ýataklaryny özleşdirmek, olaryň önümçilik infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işleriň dowam etdirilýändigini, dünýä standartlaryna laýyk gelýän önümleriň möçberleriniň we görnüşleriniň yzygiderli artdyrylýandygyny hem bellemek gerek. Nebithimiýa senagatyny ösdürmekde içerki bazary ýokary hilli nebit önümleri bilen üpjün etmek, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemek üçin çig mal binýadyny döretmek möhüm ähmiýete eýedir. Nebit diňe bir ýangyç serişdesi bolman, himiýa senagatynyň binýatlaýyn esasyny-da emele getirýär. Döwrebap tehnologiýalaryň kömegi bilen ondan dürli görnüşli eşikler, aýakgaplar, plastik önümler, boýaglar, nebit, gazhimiýa önümleri öndürilýär. Türkmen nebithimiýa pudagynyň öňdebaryjy kärhanalary bolan Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda döwrebap enjamlaryň ornaşdyrylmagy netijesinde, ýurdumyzda dürli senagat önümleri — ýokary oktanly awtoulag benzinleri, uçar, yşyklandyryş we tehniki kerosin, suwuklandyrylan gaz, dizel ýangyjynyň dürli görnüşleri, çalgy ýaglary, polipropilen, elektrodly taplanan koks, ýol we gurluşyk bitumy, dürli galyňlykdaky gaplama plýonkasy ýaly önümler öndürilýär.
Energiýa serişdelerini gaýtadan işlemek pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek we täze ekologik standartlaryň çäklerinde öňdebaryjy tehnologiýalary alyşmak, öňdebaryjy ýöriteleşdirilen enjamlary satyn almak üçin maýadarlary çekmek, ekologik taýdan arassa önümçilikleri işe girizmek Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Şunda ekologik talaplar milli ýangyç-energetika toplumynyň energetiki özgertmelerini kesgitleýän möhüm görkeziji bolup çykyş edýär. Ol talaplar ekoulgama aýawly çemeleşmek, innowasion ösüşiň binýady hökmünde “ýaşyl” tehnologiýalary ulanmak, daşky gurşawy geljek nesiller üçin gorap saklamak ýaly maksatlary özünde jemleýär. Dünýä ykdysadyýetiniň ösüşi energiýanyň sarp edilişiniň has-da artmagyna sebäp bolýar. Şunuň bilen baglylykda, daşky gurşawa ýetirilýän zyýanyň öňüni alýan az çykdajyly energiýa almak wezipesi wajyp ähmiýete eýedir. Ýurdumyz dünýä bileleşiginiň ünsüni energetika howpsuzlygynyň meselelerine çekmek arkaly soňky ýyllarda maksada okgunly halkara çäreleri amala aşyrýar, daşary ýurtly kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär.
Her ýyl geçirilýän pudaklaýyn sergiler, duşuşyklar we maslahatlar ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny, bu pudakda halkara hyzmatdaşlygy ilerletmek üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýär. Geçen ýylyň 24-nji aprelinde Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilen Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forum, şeýle hem iýun aýynda «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň guramagynda geçirilen «Uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologik jähetleri» atly halkara ylmy-amaly maslahat, oktýabrda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly halkara maslahat we sergi munuň aýdyň güwäsidir. Energetika pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça sebitleýin dialogy pugtalandyrmaga, Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça mümkinçilikleri giňeltmäge gönükdirilen bu ýöriteleşdirilen iri forumlar diňe bir adaty görnüşde geçirilmän, eýsem, dünýäniň onlarça ýurdunda sanly ulgam arkaly hem görkezildi. Çärelere ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň nebitgaz ulgamynyň meşhur işewürlik düzümleriniň, maliýe institutlarynyň, abraýly halkara guramalaryň, diplomatik gulluklaryň, ylmy bileleşikleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.
Forumlaryň gün tertibine baý tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmak; energetika bazaryny ösdürmek; özara bähbitli iri taslamalara maýa goýumlary çekmek; ýurdumyzyň gaz känlerinde öndürijiligi ýokarlandyrmak babatda gatnaşyklaryň täze gurallary; ekologik taýdan howpsuz önümçilikleri ornaşdyrmak; uglewodorodlary çykarmakda täze tehnologiýalar we nou-haular; metanyň hem-de ugurdaş gazlaryň zyňyndylaryny azaltmak; energetiki geçiş, tehnologik innowasiýalaryň we adam maýasynyň orny, metanyň, ugurdaş gazlaryň zyňyndylaryny azaltmak; tebigy gazyň ýerasty gorlary, geotermal energiýa ýaly meseleler girizildi. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistan döwletara gatnaşyklaryň ösüşinde hakyky öňegidişlik gazandy. Durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalar munuň aýdyň netijesi bolup durýar. Ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň öňdebaryjy hünärmenleri, metallurgiýa, himiýa, maşyngurluşyk, energetika pudaklarynda, senagat ulgamynda ýokary tehnologik we tehniki kuwwata eýe bolan daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri häzirki tehnologiýalaryň, ylmyň ösen döwründe nebit çig malynyň hem-de nebit önümleriniň sarp edilişiniň artýandygyna aýratyn ünsi çekdiler. Şunuň bilen baglylykda, nebitgaz pudagyny diwersifikasiýalaşdyrmak, nebiti, tebigy gazy gaýtadan işleýän täze kuwwatlyklary döretmek boýunça netijeli işleriň amala aşyrylýandygy nygtaldy. Çykyşlarda uglewodorod ýataklaryny özleşdirmegiň ekologik ugurlaryna, ekologik taýdan arassa harytlar we hyzmatlar bilen üpjün etmek meselelerine aýratyn orun berildi. Daşary ýurtlaryň ugurdaş kompaniýalarynyň öňdebaryjy hünärmenleri öz çykyşlarynda toplan tejribeleri, täze ylmy işläp taýýarlamalary, şol sanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda täzeçil taslamalary bilen tanyşdyrdylar. Metanyň, ugurdaş gazyň zyňyndylaryny hasaplamagyň usullary, pes uglerodly energetika geçmek bilen bagly wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň bu ugurda öňe süren netijeli başlangyçlary dünýä bileleşiginiň doly goldawyna eýe bolup, BMG-niň Kararnamalary bilen berkidildi.
«Altyn asyr» Türkmen kölüniň çägindäki utgaşdyrylan Gün we ýel elektrik bekedi ýurdumyzda daşky gurşawa zyýan ýetirmezden, “ýaşyl” energetika tehnologiýalaryna geçmek üçin energiýanyň arzan, ygtybarly, döwrebap gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň, ilkinji nobatda, ýel we Gün energetikasynyň işjeň ösdürilýändiginiň aýdyň mysalydyr.
Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň kämilleşdirilmegi we onuň halkara energiýa ulgamyna işjeň goşulyşmagy häzirki zaman, ekologik taýdan arassa tehnologiýalara, öňdebaryjy dünýä tejribesine esaslanýan uglewodorod baýlyklarynyň eksport mümkinçilikleriniň artmagyny üpjün edýär. Şunuň bilen baglylykda, daşky gurşawa ýetirilýän zyýany azaltmak şertinde az çykdajyly energiýa serişdelerini öndürmäge çemeleşmeler uly ähmiýete eýe bolýar. Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmekde ägirt uly “Galkynyş” gaz käniniň tapgyrlaýyn özleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemek, gazy arassalamak, suwsuzlandyrmak, täjirçilik maksatly gazy öndürmek, wodorod sulfidini kükürde öwürmek, granulirlemek we gaplamak üçin iň täze enjamlar bilen enjamlaşdyrylan gazy gaýtadan işleýän toplumlar guruldy.
Ählumumy metan borçnamasyna goşulmak bilen, Türkmenistan energetika pudagyny düýpli döwrebaplaşdyrmak we beýleki degişli çäreleri durmuşa geçirmek arkaly 2030-njy ýyla çenli parnik gazlarynyň zyňyndylaryny doly aradan aýyrmagy, uzak möhletleýin döwürde her ýyl öz hasabyna zyňyndylary ep-esli azaltmagy, halkara guramalaryň, maliýe düzümleriniň goldawy bilen dünýä jemgyýetçiliginiň bu ugurdaky tagallalaryna goşant goşmagy meýilleşdirýär.
Nebitgaz pudagy üçin energetika ulgamynyň möhüm meselelerini çözmäge ukyply ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, pudagyň ylmy kuwwatyny artdyrmak, toplumy ösdürmekde ylmy-barlag, tejribe-konstruktorçylyk işleriniň orny baradaky meselelere aýratyn üns berilýär.
2024-nji ýylyň dowamynda geçirilen iş maslahatlarynda we Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde energetika strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlaryna, ýangyç-energetika toplumynyň infrastrukturasyny innowasion taýdan ösdürmäge we kämilleşdirmäge gönükdirilen çärelere — toplumyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak, uglewodorod serişdeleriniň gazylyp alynýan möçberini artdyrmak, sarp edijileri tebigy gaz bilen üznüksiz üpjün etmek, onuň ygtybarly iberilmegini gazanmak boýunça alnyp barlan işlere garaldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hereket edýän nebiti gaýtadan işleýän desgalary düýpli abatlamak, durkuny täzelemek we täze desgalary gurmak, pudagyň kärhanalary üçin degişli enjamlary satyn almak hakynda Kararlara gol çekmegi-de örän ähmiýetlidir.
Şeýlelikde, 2024-nji ýylyň netijeleri Türkmenistanyň energetika syýasatynyň ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmaga, onuň dünýä bazaryndaky ornuny berkitmäge, täze infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilendigini görkezdi. Pudagyň önümçilik kuwwatlyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi ählumumy parahatçylygyň, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine energetika howpsuzlygynyň, sebit we dünýä derejesinde durnukly ykdysady ösüşiň üpjün edilmegini şertlendirýär.