Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 158
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri girizildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol döwrüň talaplaryna laýyklykda, ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işi barada maglumat berdi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryndan gelip çykýan esasy düzgünleri göz öňünde tutup, raýat-hukuk gatnaşyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň taslamasyny hem-de «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Mundan başga-da, adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny goramak, kazyýet edaralarynyň işini kämilleşdirmek, administratiw önümçiliginiň kadalary bilen baglanyşykly meseleleri düzgünleşdirmek boýunça birnäçe kodekslere we beýleki kanunçylyk namalaryna degişli üýtgetmeleridir goşmaçalary girizmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwrebap kanunlary işläp taýýarlamak babatda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow statistiki hasabatlylygy Milli hasaplar ulgamynyň kämilleşdirilen görnüşine laýyklykda alyp barmak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň statistika ulgamy döwrüň talabyna görä kämilleşdirilýär hem-de bu ugurda halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” statistika ulgamyny Milli hasaplar ulgamynyň kämilleşdirilen görnüşine laýyklykda alyp barmak göz öňünde tutulandyr. Milli hasaplar ulgamynyň kämilleşdirilen görnüşine geçmegiň çäklerinde birnäçe döwlet klassifikatorlary, maliýe, bank we ätiýaçlandyryş işi, ylym, syýahatçylyk bilen bagly hem-de esasy serişdeleriň sarp edilişini hasaplamagyň täze usulyýetleri işlenip taýýarlanyldy we statistika işine ornaşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna bu babatda degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň statistika ulgamynyň döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirilýändigini hem-de bu ugurda halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny belledi we statistika ulgamyny Milli hasaplar ulgamynyň kämilleşdirilen görnüşi esasynda alyp barmak baradaky teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B. Amanow gözegçilik edýän toplumynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, «Türkmennebit» döwlet konserniniň nebitli guýularynda nebit çykarmakda ulanylýan desgalaryň durkuny täzelemek we täzelerini gurmak boýunça zerur işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen bir hatarda, önümçilik desgalarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek, önümçilige döwrebap usullary, tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak maksady bilen, nebitgaz toplumyna degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan netijeli işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmaga hem-de desgalary döwrebaplaşdyrmaga uly ähmiýet berilýändigini, häzirki zaman usullarynyň we tehnologiýalaryň önümçilige giňden ornaşdyrylýandygyny belledi hem-de bu ugurda taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, geriş, çil çekmek işleri geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny hem-de pagtaçy daýhanlar üçin ýokary hilli gowaça tohumlaryny taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam etdirilýär. Ýeralma, gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde häzirki wagtda bu ekinleriň tohumlaryny, ekiljek meýdanlaryny möwsüme doly taýýar etmek babatda zerur çäreler görülýär. Şeýle hem wise-premýer ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini hem-de melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak babatda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegiň we onuň işini kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň wajypdygyny belledi. Gowaça ekiljek meýdanlarda degişli agrotehniki işleri geçirmegi dowam etdirmek, oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny abatlap, ýazky gowaça ekişi möwsümine taýýarlamak, tohumlyk pagtany gaýtadan işlemek, tohumlary gowaça ekişi möwsümine taýýarlamak işlerini üns merkezinde saklamak, bugdaý ekilen meýdanlarda hem ideg işlerini dowam etdirmek, welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmak işlerini alyp barmak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylan 2025-nji ýylda paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda gurlup ulanmaga beriljek binalaryňdyr desgalaryň meýilnamasyny taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijesi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalaryň çäklerinde her ýylda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän binalaryň we desgalaryň sanawyny tassyklamak asylly däpleriň birine öwrüldi.

Häzirki wagtda ýurdumyz boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli resminamalaryna, kabul edilen milli we döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, iri önümçilik, durmuş maksatly binalaryňdyr desgalaryň gurluşyklary dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlikleri, degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde geçirilen işleriň netijesinde, şu ýylda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan iri önümçilik, durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň sanawynyň işlenip taýýarlanylandygy habar berildi. Şu ýyl ýurdumyzyň dürli künjeklerinde binalaryňdyr desgalaryň açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýär. Şolaryň hatarynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan döwrebap obalar we şäherçeler bar. Şeýle hem Aşgabat şäherinde, ýurdumyzyň welaýatlarynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan we Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararlary esasynda gurulýan iri önümçilik, medeni-durmuş maksatly binalary hem-de desgalary açyp ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Diýarymyzda köp sanly medeni-durmuş maksatly binalaryň ulanmaga beriljekdigini belledi we wise-premýere şu ýyl açylmagy meýilleşdirilýän binalaryňdyr desgalaryň öz wagtynda talabalaýyk gurlup ulanmaga berilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew ýurdumyzyň dokma senagatyna degişli kärhanalary döwrebaplaşdyrmak hem-de olaryň dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda degişli pagta egirme we nah ýüplük egriji fabrikleriniň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin zerur işler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda dokma senagaty pudagynyň önümçiligini döwrüň talabyna görä ösdürmegiň möhüm wezipe bolup durýandygyny belledi we dokma kärhanalarynyň dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek bilen bagly taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa ýurdumyzyň muzeý gaznalaryndaky gymmatlyklaryň sanyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, täze taryhy döwürde milli medeniýetimiziň düýpli öwrenilmegi, aýawly saklanylmagy we geljek nesillere ýetirilmegi ugrunda zerur işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda Medeniýet ministrliginiň garamagynda 37 sany muzeý hereket edip, olaryň gaznasynda 367 müňden gowrak muzeý gymmatlygy bar. Şunuň bilen baglylykda, muzeýleriň muzeý gaznasynyň sanyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri has-da guramaçylykly ýola goýmak maksady bilen, muzeý gymmatlyklaryny toplamak boýunça şu ýylda hem hünärmenleriň ýerlere iş saparlaryny guramak göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, halkymyzyň medeni mirasyny toplamakda, gorap saklamakda, olary ylmy esasda öwrenmekde muzeýlere uly ornuň degişlidigini belledi we wise-premýere ýurdumyzda hereket edýän muzeýleriň işini yzygiderli kämilleşdirmek, milli mirasymyzy halkara derejede giňden wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa Aşgabat şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda II Halkara matematika olimpiadasyny geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda ýurdumyzda geçirilýän bilim özgertmeleriniň netijesinde ýaş nesliň tebigy zehin-başarnyklaryny ösdürmek, ylma, döredijilige höwesini artdyrmak boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Şeýle-de Durnukly ösüş maksatlarynyň «Ýokary hilli bilim» maksadyny durmuşa geçirmek boýunça zerur işler ýola goýulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer şu ýylyň aprelinde mekdep okuwçylarynyň arasynda II Halkara matematika olimpiadasynyň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini habar berdi. Bu bäsleşige ýurdumyzyň mekdep okuwçylary bilen bir hatarda, daşary ýurtlaryň umumybilim berýän mekdepleriniň zehinli ýaşlarynyň hem gatnaşmaklaryna garaşylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilip, zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga uly üns berilýändigini, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň berkidilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda matematika dersi boýunça II Halkara olimpiadany geçirmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Daşary işler ministrliginiň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamasynyň taslamasy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bu resminama “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy”, hormatly Prezidentimiziň 2024-nji ýylyň 9-njy dekabrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde beren tabşyryklary, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparyny döretmek hakynda döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Permany, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde şu ýylyň 9-njy ýanwarynda geçirilen guramaçylyk döwlet toparynyň birinji mejlisinde kesgitlenen wezipeler esasynda taýýarlanyldy. Iş meýilnamasy 10 bapdan ybaratdyr. Hususan-da, resminamanyň «Guramaçylyk meseleleri» atly babynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy, hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy, 2025-nji ýylyň ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli hem-de hormatly Prezidentimiziň kabul eden resminamalaryny ýerine ýetirmek boýunça Türkmenistanyň diplomatik gullugy tarapyndan durmuşa geçiriljek işler barada bellenilýär. Şeýle hem dürli halkara maslahatlarda, şol sanda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda ýurdumyzyň ileri tutýan garaýyşlaryny, öňe sürjek täze tekliplerini taýýarlamak barada hem nygtalýar. Şunuň bilen bir hatarda, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň teklibi boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnamalary durmuşa geçirmek bilen bagly işleri ýerine ýetirmek göz öňünde tutulýar. Iş meýilnamasynyň taslamasynda döwletimiziň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň işiniň esasy ugurlary barada-da aýdylýar.

Meýilnamanyň «Türkmenistanyň daşary syýasy hyzmatdaşlygy» atly babynda döwletimiziň Ýewropa, Orta Gündogar, Ýakyn Gündogar we Afrika, Aziýa — Ýuwaş umman sebiti, Amerika ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça işler beýan edilýär. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn saparlary, syýasy geňeşmeleri we duşuşyklary, özara gatnaşyklaryň dürli ugurlary boýunça beýleki çäreleri guramak göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, meýilnama «Halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk», «Daşary syýasy habarlar we sanly diplomatiýa» ýaly ugurlary öz içine alýar. Onuň «Halkara ykdysady hyzmatdaşlyk» atly baby Türkmenistan bilen daşary ýurtlaryň arasynda döredilen hökümetara toparlaryň işlerini has-da pugtalandyrmak, Türkmenistanyň eksport we maýa goýum mümkinçiliklerine bolan gyzyklanmany artdyrmak boýunça daşary ýurtlaryň döwlet edaralary, kompaniýalary we banklary, halkara ykdysady, maliýe guramalary bilen gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek ýaly çäreleri özünde jemleýär. «Hukuk meseleleri» baby Türkmenistan tarapyndan baglaşylmagy göz öňünde tutulýan ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn resminamalaryň taslamalaryny işläp taýýarlamak meselelerine bagyşlanýar. Şeýle hem ol konsullyk işine, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ulanmak, protokol we beýleki meselelere degişli baplary öz içine alýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz döwletimiziň oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna pugta eýermek bilen, dünýäde ählumumy abadançylyga gönükdirilen işjeň daşary syýasaty alyp barýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz geljekde-de Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň durmuşa geçirilip, parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli gatnaşyklaryň ösdüriljekdigini, «Açyk gapylar» syýasatynyň dowam etdiriljekdigini nygtady we Daşary işler ministrliginiň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamasyny makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän düzümleri, hususan-da, «Türkmenawtoulaglary» agentligi tarapyndan ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, agentligiň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň ýokary derejesini üpjün etmek, şäheriçi awtobus ulgamynyň hilini we medeniýetini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde döwrebaplaşdyrylan şäheriçi awtobuslaryny satyn almak, olary Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli şu ýylda ýurdumyza getirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýolagçy gatnawyny yzygiderli kämilleşdirmek üçin amatly şertleriň döredilýändigini belledi we ýolagçylary gatnatmak boýunça ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň möçberini artdyrmak, hilini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, döwrebap awtobuslary satyn almak hakynda Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly agentligiň ýolbaşçysyna iberdi hem-de bu ugurda degişli görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, häzirki wagtda ýurdumyzda halkymyzyň bähbidine gönükdirilen giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini belledi. “Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurlan Arkadag şäheri berkarar döwletimiziň kuwwatly binýadyny görkezýär. Döwrebap şäherde ýaşamak, işlemek we medeniýetli dynç almak üçin ähli amatly şertler döredildi” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we Arkadag şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek, senagat taýdan kuwwatly şähere öwürmek maksady bilen, «Arkadag medisina klasteriniň birinji tapgyryny gurmak hakynda», «Arkadag şäheriniň inženerçilik-kommunikasiýa ulgamlaryny gurmak hakynda», «Arkadag şäherinde çeper halyçylyk kärhanasyny hem-de Türkmen halysynyň we el işleriniň milli muzeýini gurmak hakynda» Kararlara gol çekdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.