Ýurdumyzda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025-nji ýyla gadam basmak bilen, eziz Diýarymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen giň gerimli işler dowam etdirilýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty esasynda Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine ygrarlydygyny aýdyň görkezip, ählumumy abadançylygyň bähbidine laýyk gelýän deňhukukly, netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine uly goşant goşýar.
Döwlet Baştutanymyzyň 6-njy ýanwarda geçiren iş maslahatynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri dowam etdirilýär. Pagtanyň, ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň tohumlaryny, ýazky ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny taýýarlamak boýunça degişli çäreler görülýär.
Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekip, bugdaý meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyk alnyp barylmagyny, gowaça ekiljek meýdanlarda işleriň geçirilişini, tehnikalardyr gurallaryň ýazky ekişe talabalaýyk taýýarlygyny, pagta öndürijileriň ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün edilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem Mary welaýatynda ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýitgisiz ýygnap almagyň zerurdygy nygtaldy.
Döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişine, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň işledilişine, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen üpjünçiligine berk gözegçilik etmegi, döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, welaýatlarda şu ýyl meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegi üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
7-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Saud ösüş gaznasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Sultan Abdulrahman Al-Marşady kabul etdi. Türkmenistan daşary ýurtlar we abraýly halkara maliýe guramalary bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Saud ösüş gaznasy bilen hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesi kanagatlanma bilen bellenildi. Türkmenistan birnäçe milli we halkara ähmiýetli, şol sanda saglygy goraýyş, ulag-aragatnaşyk, maliýe ulgamlaryndaky birnäçe iri taslamalary maliýeleşdirmäge işjeň gatnaşan bu gazna bilen köp ýyllaryň dowamynda hyzmatdaşlyk edip gelýär. Duşuşygyň dowamynda taraplar netijeli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegi maksat edinýändiklerini tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, myhman okgunly ösýän, geljegi uly türkmen bazarynyň maýa goýum babatda özüne çekijiligine daşary ýurt işewür toparlarynyň gyzyklanmasynyň barha artýandygyny nygtady.
Saud ösüş gaznasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Sultan Abdulrahman Al-Marşadyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerine garaldy we degişli resminama gol çekildi.
Şol gün hormatly Prezidentimiz Belarus Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Stanislaw Çepurnoýy kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
Duşuşygyň barşynda türkmen-belarus gatnaşyklarynyň geljegi barada pikir alşyldy. Bellenilişi ýaly, ýurtlarymyz diňe bir ikitaraplaýyn däl, eýsem, köptaraplaýyn görnüşde, halkara we sebit guramalarynyň, şol sanda BMG-niň, GDA-nyň çäklerinde-de işjeň gatnaşyk edýärler. Şunuň bilen bir hatarda, döwletara ynsanperwer hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň hem-de Belarus Respublikasynyň ylym-bilim, sport, medeniýet, sungat ulgamlaryndaky ýakyn hyzmatdaşlygy iki ýurduň we olaryň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berýär.
10-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meselelerine garaldy. Şolaryň hatarynda ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, şol sanda Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň taslamasyny hem-de «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça milli parlamentiň alyp barýan işini görkezmek bolar. Şeýle-de oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, ýurdumyzyň welaýatlaryndaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berildi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda hereket edýän muzeýleriň işini yzygiderli kämilleşdirmek, milli mirasymyzy halkara derejede giňden wagyz etmek, statistiki hasabatlylygy Milli hasaplar ulgamynyň kämilleşdirilen görnüşi esasynda alyp barmak, nebitgaz pudagynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, 2025-nji ýylda paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda gurlup ulanmaga beriljek binalaryňdyr desgalaryň meýilnamasyny taýýarlamak, dokma senagatyna degişli kärhanalaryň dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek, şu ýylyň aprelinde Aşgabat şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda II Halkara matematika olimpiadasyny geçirmek bilen baglanyşykly hödürlenen teklipleri goldady. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Daşary işler ministrliginiň 10 bapdan ybarat bolan 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamasyny makullady.
Resminamanyň «Guramaçylyk meseleleri» atly babynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy, hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy, 2025-nji ýylyň ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli hem-de hormatly Prezidentimiziň kabul eden resminamalaryny ýerine ýetirmek boýunça Türkmenistanyň diplomatik gullugy tarapyndan durmuşa geçiriljek işler barada bellenilýär. «Türkmenistanyň daşary syýasy hyzmatdaşlygy» atly bapda döwletimiziň Ýewropa, Orta Gündogar, Ýakyn Gündogar we Afrika, Aziýa — Ýuwaş umman sebiti, Amerika ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça işler beýan edilýär. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn saparlary, syýasy geňeşmeleri we duşuşyklary, dürli ugurlarda çäreleri guramak göz öňünde tutulýar.
Meýilnamanyň «Halkara ykdysady hyzmatdaşlyk» baby Türkmenistan bilen daşary ýurtlaryň arasynda döredilen hökümetara toparlaryň işlerini has-da pugtalandyrmak, Türkmenistanyň eksport we maýa goýum mümkinçiliklerine bolan gyzyklanmany artdyrmak boýunça daşary ýurtlaryň döwlet edaralary, kompaniýalary we banklary, halkara ykdysady, maliýe guramalary bilen gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek ýaly çäreleri özünde jemleýär. «Hukuk meseleleri» baby Türkmenistan tarapyndan baglaşylmagy göz öňünde tutulýan ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn resminamalaryň taslamalaryny işläp taýýarlamak meselelerine bagyşlanýar. Şeýle hem ol konsullyk işine, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ulanmak, protokol we beýleki meselelere degişli baplary öz içine alýar.
Mejlisde hormatly Prezidentimiz döwrebap awtobuslary satyn almak hakynda Karara gol çekdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Arkadag şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek, ony senagat taýdan kuwwatly şähere öwürmek maksady bilen, «Arkadag medisina klasteriniň birinji tapgyryny gurmak hakynda», “Arkadag şäheriniň içerki we daşarky agyz suw, suwaryş, lagym, ýagyn suw, ýapyk drenaž geçiriji ulgamlaryny, ýollary, içerki we daşarky eltiji elektrik, aragatnaşyk, gaz ulgamlaryny we desgalaryny gurmak hakynda”, «Arkadag şäherinde çeper halyçylyk kärhanasyny hem-de Türkmen halysynyň we el işleriniň milli muzeýini gurmak hakynda» Kararlara gol çekdi. Geçen hepdede hormatly Prezidentimiziň gol çeken degişli Permanyna we Kararyna laýyklykda, Magtymguly adyndaky halkara baýraklar baradaky komitetiň düzümi hem-de “Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy” tassyklanyldy.
9-njy ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mejlisiň Başlygynyň hem-de Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda geçiren Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisini hepdäniň beýleki möhüm wakalarynyň hatarynda görkezmek bolar. Mejlisiň dowamynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýubileý medalynyň we ýadygärlik nyşanyň taslamasyny taýýarlamak, geçiriljek çärelere zerur bolan ýardamy bermek, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek tabşyryldy.
Halkara çäreleriň geçirilýän günlerinde paýtagtymyzyň ilatynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almagy üçin has amatly şertleri döretmek, şäheri abadanlaşdyrmak, bezeg işlerini geçirmek esasy wezipeleriň hatarynda görkezildi. Sowgatlyk harytlar, degişli önümleriň gaplarynyň bezegi, çäreleriň dowamynda dokma pudagynyň sergilerini guramak bilen bagly meselelere aýratyn üns çekildi. Şu ýylda guraljak dabaralara medeniýet edaralarynyň işjeň gatnaşmaklarynyň, halkara derejedäki çäreleriň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly giňden şöhlelendirilmeginiň, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna we ýylyň şygaryna bagyşlap, ýokary okuw mekdeplerinde halkara ylmy-amaly maslahatlary guramagyň zerurdygy bellenildi.
Gahryman Arkadagymyz wise-premýer, daşary işler ministrine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary bilen bilelikde halkara çäreleriň maksatnamasyny işläp taýýarlamak üçin ähli zerur işleri ýerine ýetirmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, şu ýylda geçiriljek çäreler bilen baglanyşykly ulag-kommunikasiýa, ýokary hilli aragatnaşyk, şol sanda internet hyzmatlaryny guramak meselelerine üns çekildi.
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreleriň üsti bilen merdana halkymyzyň asylly däp-dessurlaryny, myhmansöýerligini, eziz Diýarymyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösýändigini we ynamly öňe barýandygyny bütin dünýä aýdyň görkezmelidiris” diýip, Milli Liderimiz aýtdy. Diýarymyzda Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde geçiriljek halkara çäreleriň ýurtlaryň arasynda parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmek, Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmäge goşant goşmak babatda möhüm waka boljakdygyna berk ynam bildirildi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz mejlise gatnaşyjylaryň hersine öz gözegçilik edýän ulgamlary boýunça BMG-niň degişli düzüm birlikleri bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegi tabşyrdy. Şeýle-de toparyň agzalaryna bilelikde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly toýuny ýokary derejede geçirmek boýunça konsepsiýany taýýarlamak barada tabşyryk berildi.
11-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän hem-de durky täzelenýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy, degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz gurluşyk işleriniň ähli tapgyrlarynda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegine, önümçilik maksatly desgalaryň täzeçil tehnologiýalar esasynda enjamlaşdyrylmagyna, şäheriň ekologik abadançylygyny saklamak boýunça toplumlaýyn çäreleriň geçirilmelidigine ünsi çekdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen bina edilen, geljegiň şäheri hasaplanýan Arkadag şäheri Gündogaryň binagärlik keşbini, ylmyň gazananlaryny özünde jemläp, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ajaýyp nyşanyna öwrüldi.
Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmäge, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň beýany boldy. Eziz Diýarymyz Bitaraplygyň şanly 30 ýyllygy we şu ýylyň şygary mynasybetli geçiriljek dabaralary zähmet üstünlikleri, sebit hem halkara derejede abadançylygyň, rowaçlygyň maksatlaryna doly laýyk gelýän parahatçylyk döredijilikli başlangyçlary bilen garşy alar.