Şu gün ir säher bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäherine geldi. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän hem-de durky täzelenýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy, degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen binýat bolan täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilen işleriň depgini barha ýokarlanýar. Bu ýerde durmuş maksatly binalar bilen bir hatarda, önümçilik toplumlarynyň gurluşygyna-da möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi şäheriň toplumlaýyn esasda ösdürilmegine giň ýol açýar.
Ir säher bilen Milli Liderimiz Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde ýerleşýän, milli binagärligiň häzirki zaman nusgasyna öwrülen täze şähere geldi.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçirilen mejlisinde «Arkadag medisina klasteriniň birinji tapgyryny gurmak hakynda», “Arkadag şäheriniň içerki we daşarky agyz suw, suwaryş, lagym, ýagyn suw, ýapyk drenaž geçiriji ulgamlaryny, ýollary, içerki, daşarky eltiji elektrik, aragatnaşyk, gaz ulgamlaryny we desgalaryny gurmak hakynda”, «Arkadag şäherinde çeper halyçylyk kärhanasyny hem-de Türkmen halysynyň we el işleriniň milli muzeýini gurmak hakynda» Kararlara gol çekdi.
Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, Gökdepe şaýolunyň ugrunda üstaşyr geçýän, durky täzelenýän köp zolakly köpriniň şekil taslamalary, desganyň bezeg aýratynlyklaryna degişli serişdeleriň, köpriniň sütünleriniň görnüşleri bilen tanyşdy. Milli Liderimiz bu ýerde ulaglaryň sazlaşykly hereketiniň üpjün edilmegini özünde jemleýän şertleriň döredilmelidigini belläp, birnäçe tabşyryklary berdi. Halk Maslahatynyň Başlygy görkezilýän şekil taslamalaryny synlap, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişlerini girizdi. Ýol-ulag düzümine degişli möhüm desgany döwrebaplaşdyrmak işlerine häzirki zamanyň talabyna laýyk derejede çemeleşilmelidir, onda ulanylýan gurluşyk serişdeleriniň hiline, berkligine möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.
Soňra Halk Maslahatynyň Başlygy täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän önümçilik toplumlarynyň, durky täzelenýän, gurulmagy teklip edilýän durmuş maksatly desgalaryň taýýarlanan şekil taslamalary hem-de olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän we teklip edilýän önümçilik toplumlarynyň, beýleki desgalaryň şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdiler. Görkezilýän taslamalaryň hatarynda Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň, söwda we işewürlik merkeziniň, lukmançylyk klasteriniň edara binasynyň, sanjym önümleriniň önümçilik desgasynyň, çeper halyçylyk kärhanasynyň, Türkmen halysynyň we el işleriniň milli muzeýiniň şekil taslamalary, gurulmagy teklip edilýän täze medeni-dynç alyş merkezi üçin niýetlenen ýer böleginiň çyzgylary bar.
Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyryndaky täze binalaryň we desgalaryň gurluşygyna häzirki zamanyň şähergurluşyk maksatnamasynyň talaplaryna laýyk derejede çemeleşilmelidigini belläp, Gahryman Arkadagymyz bu işlerde ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň, binalaryň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagynyň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiz täze şäheriň çäklerinde gurulmagy teklip edilýän desgalaryň gurluşygyna bolşy ýaly, olaryň bezeg işlerine we oturdyljak şekilleriň göze gelüwli bolmagyna-da üns berilmelidigini aýtdy. Aýratyn-da, şäheriň täze medeni-dynç alyş merkezinde oturdyljak şekillere örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidir. Iň esasysy bolsa, millilige möhüm orun degişli bolmalydyr. Şunda milli binagärlik ýörelgeleri bilen döwrüň ösen tejribesi utgaşdyrylmalydyr, ýerli tebigy aýratynlyklar göz öňünde tutulmalydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, halkymyz geçmişde suwy tygşytly peýdalanmak babatda baý tejribe toplapdyr. Birnäçe guýularydyr kärizleri gazyp, ekinleri netijeli suwarypdyr. Umuman, suwuň her damjasy altyna deňelipdir. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen bu asylly ýol-ýörelgeler häzirki wagtda hem mynasyp dowam etdirilýär. Şoňa görä, Milli Liderimiz guruljak medeni-dynç alyş merkeziniň çäginden geçjek ýap suwunyň ýeri kesgitlenende örän oýlanyşykly we jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini nygtady. Bu merkeziň çäginiň özboluşlylygy, onuň bezeg aýratynlygy ata-babalarymyzdan gelýän däp-dessurlarymyza laýyk bolmaly diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi hem-de bu ýerde ýörite myhmanhananyň, naharhananyň gurulmalydygyny aýtdy we olarda hakyky türkmen dünýäsiniň açylyp görkezilmelidigi barada degişli ýolbaşçylara tabşyryklary berdi. Türkmen myhmansöýerliginden ugur alyp, bu ýerde milli tagamlarymyz, datlydan-datly nygmatlarymyz hödür-kerem edilmeli. Bu ýere geljek myhmanlarda halkymyzyň täsin gymmatlyklary uly täsir galdyrmaly diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.
Ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan Milli Liderimiz seýilgähiň çäklerinde türkmen halkynyň buýsanjyna öwrülen we dünýäde uly şöhrata eýe bolan bedewleriň şekilleriniň oturdylmagynyň ähmiýetli boljakdygyny belledi. Şunda her bir bedewiň haýsy nesil ugruna degişlidigi, olaryň taryhy we at çapyşyklarynda gazanan ýeňişleri baradaky maglumatlar jemlenmelidir hem-de uly ekranly elektron enjamda sanly ulgam arkaly beýan edilmelidir. Häzirki zaman şähergurluşyk maksatnamasynyň uly üstünligi hökmünde ykrar edilen Arkadag şäherinde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen Akhan atly bedewiň heýkeliniň oturdylmagy, onuň şäheriň merkezi künjegine özboluşly bezeg bermegi milli binagärligiň üstünlikli çözgüdi hökmünde kabul edildi. Ahalteke bedewleriniň taryhyna, olaryň nesil ugurlaryna, türkmen bedewleriniň dünýäniň seýisçilik sungatynda eýeleýän ornuna bagyşlap birnäçe kitaplary ýazan Gahryman Arkadagymyz bedewleriň taryhyň dowamynda halkymyzyň durmuşynda möhüm orun eýeländigini yzygiderli belleýär.
Milli Liderimiz täze şäheriň ekologik ýagdaýynyň ýokary derejede saklanmagy, binalaryň Arkadag şäheriniň ruhuna kybap derejede bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidigi bilen baglanyşykly meselelere hem häzirki zaman ylmynyň gazananlary esasynda, şähergurluşyk maksatnamasynyň talaplaryna laýyklykda çemeleşilmelidigine ünsi çekdi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz bu ýerde iş maslahatyny geçirdi. Oňa Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilen desgalaryň gurluşygyna gatnaşýan ýerli hususy gurluşyk kärhanalarynyň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow häzirki döwürde täze şäherde alnyp barylýan işler, gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşygyna gatnaşýan ýerli gurluşyk kärhanalarynyň ýolbaşçylary bilen geçirilen gepleşikler barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz önümçilik maksatly binalaryň hersiniň alyp barjak iş ugruna laýyklykda gurulmalydygyny, aýratyn-da, olaryň enjamlaşdyrylyşyna wajyp ähmiýet berilmelidigini belledi. Şunda ýerli çig mallar esasynda ýola goýulýan önümçiligiň sazlaşykly hereketi üpjün edilmelidir. Milli Liderimiz şäheriň ikinji tapgyrynda ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň döwrebap derejede alnyp barylmagynyň, önümçilik toplumlarynyň bellenen möhletlerde ulanmaga berilmeginiň häzirki döwrüň möhüm wezipesidigine ünsi çekdi. Şol bir wagtyň özünde, önümçilik maksatly desgalaryň, aýratyn-da, lukmançylyk klasteriniň binalaryny enjamlaşdyrmak işleri täzeçil tehnologiýalara esaslanmalydyr.
Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa täze şäheriň döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek işleri bilen bir hatarda, degişli arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleriniň talabalaýyk ýola goýlandygy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu işleriň depginini ýokarlandyrmak, yzygiderli häsiýete eýe bolmagyny üpjün etmek meseleleri hemişe gözegçilikde saklanylýar. Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň ekologik derejesiniň birnäçe halkara güwänamalara mynasyp bolandygyny nygtap, Arkadag şäherinde degişli ekologik ýagdaýy saklamak boýunça hemmetaraplaýyn işleriň amala aşyrylmalydygyna ünsi çekdi we bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.
Iş maslahatynyň dowamynda Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna gatnaşýan “Garagum”, “Saýaly menzil”, “Dost gurluşyk, söwda, önümçilik”, “Ýedi ýer”, “Ajaýyp gurluşyk” hojalyk jemgyýetleriniň, “Mukaddes gün”, “Aktab”, “Berk teker” hususy kärhanalarynyň ýolbaşçylary alyp barýan işleri barada hasabat berdiler.
Aýratyn-da, hormatly Prezidentimiziň Arkadag medisina klasteriniň birinji tapgyryny gurmak hakynda we Arkadag şäherinde degişli inženerçilik ulgamlarynyň hem-de desgalarynyň taslamalaryny düzmek, çeper halyçylyk kärhanasynyň, Türkmen halysynyň we el işleriniň milli muzeýiniň taslamasyny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada gol çeken resminamalaryna laýyklykda, degişli toplumlaryň gurluşygy ynanylan ýerli kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň hasabatlary diňlenildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan gurluşyk kärhanalarynyň ýolbaşçylary, ilki bilen, häzirki döwürde ýerine ýetirýän işleriniň netijeleri, täze gurluşyklara başlamak boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdiler. Şeýle hem olar Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen binýat bolan şäherde amala aşyrylýan taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga bildirilen uly ynam üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdiler.
Ýurdumyzda, şol sanda Arkadag şäherinde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli gurluşyk işlerine gatnaşmagyň özleri üçin belent mertebedigini nygtap, telekeçiler daşary ýurtly kärdeşleri bilen tejribe alşyp, bu ugurda baý tejribe toplandyklaryny bellediler. Döwletimizde senagat pudagy toplumlaýyn ösdürilip, önüm öndürijilerimiz ýerli çig maldan peýdalanýarlar. Beýleki önümler bilen bir hatarda, dürli görnüşdäki lukmançylyk serişdelerini öndürýärler. Bu önümler hili, ekologik taýdan arassalygy babatda dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolýar. Bu günki gün türkmen telekeçileri öz kärdeşleri bilen, hususan-da, Koreýa Respublikasynyň işewürleri bilen özara tejribe alşyp, ýokary derejedäki işleri ýola goýýarlar.
Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz ýerli telekeçileriň ýurdumyzyň altyn gaznasy hasaplanýandygyny, olaryň işiniň talabalaýyk alnyp barylmagy ugrunda döwlet tarapyndan zerur goldawlaryň berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Milli Liderimiz bu ýerde ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işlerinde häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalarynyň we döwrebap usullarynyň ulanylmalydygyny aýtdy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy gurluşykçy telekeçilere bu ýerde uzak geljegi nazarlaýan taslamalaryň ynanylandygyny belläp, olaryň bina galdyrmak, köpri gurmak ýaly il içinde sogap hasaplanylýan işleri ýerine ýetirmek arkaly taryhda möhüm orun eýelejekdiklerine we asylly işleriň netijelerini geljek nesillere ýetirjekdiklerine ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy 2030-njy ýyla çenli senagatlaşdyrmak babatda alyp barýan syýasatynyň netijesinde ähli ulgamlara innowasion tehnologiýalar yzygiderli ornaşdyrylýar. Sanly mümkinçilikler halkymyza ýokary hilli hyzmatlary hödürlemäge şert döredýär. Häzirki wagtda multimedialaşdyrylan enjamlar görlüp-eşidilmedik ýeňillikleri öz içine alýar. Arkadag şäheriniň ýaşaýjylary hem şeýle ýeňilliklerden netijeli peýdalanýarlar. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň şu güni we ýagty geljegi babatda edýän yzygiderli tagallalarynyň miwesidir.
Milli Liderimiz hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamalarynda kesgitlenen önümçilik toplumlarynyň we durmuş maksatly binalaryň gurluşygyny ýokary derejede ýerine ýetirmek boýunça alyp barýan işlerinde telekeçilere üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowa we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa ýüzlenip, olara täze şäheriň nobatdaky gurluşygynyň işini sazlaşykly ýola goýmak we olaryň depginlerini ýokarlandyrmak babatda telekeçiler bilen bilelikde işlemegi tabşyrdy.
Iş maslahatyny jemläp, Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine gelip gowşan, onuň jemagat hojalygy gullugynyň zerurlyklaryna niýetlenen täze tehnikalar, olaryň aýratynlyklary hem-de mümkinçilikleri bilen tanyşdy. Milli Liderimiz hormatly Prezidentimiziň satyn alyp beren ýokary öndürijilikli tehnikalarynyň netijeli ulanylmalydygyny, olary öz işine ussat, kämil hünärmenleriň dolandyrmalydygyny belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. Olaryň netijeli peýdalanylmagy şäherde arassaçylyk işlerini ýokary derejede ýola goýmaga mümkinçilik berer.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa täze tehnikalaryň netijeli ulanylmagy bilen baglanyşykly meseleleriň gözegçilikde saklanyljakdygyny belläp, Arkadag şäherinde alnyp barylýan işlere yzygiderli goldaw berýändikleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza täze şäheriň ýolbaşçy düzüminiň we ilatynyň adyndan hoşallyklaryny beýan etdiler.
Gahryman Arkadagymyz hemmelere alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.