24-nji martda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň (Mary ş.) mejlisler zalynda dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň (DEÇ) peýdasy we energiýa netijeliligi barada jemgyýetçiligiň habardarlygyny ýokarlandyrmak temasyndan «tegelek stoluň» başynda duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň goldawy bilen geçirilen çäräni şu ýokary okuw mekdebiniň, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň we Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlygy boýunça jemgyýetiniň (GIZ) ýolbaşçylygy bilelikde guradylar.
Möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň, şol sanda Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň we şu ýokary okuw mekdebiň ýanyndaky «Dikeldilýän energiýa çeşmeleri» YÖM-iň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygy Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işgärleri goldadylar. Türkmenistanyň ýaşlaryndan bu çärä DÖM-iň ilçileri, talyplar we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri goşuldylar.
Dikeldilýän energiýa çeşmelerini öz içine alýan modelleriň interaktiw sergisi bilen tanyşlykdan soň, duşuşygy institutyň rektory Serdar Nazarow, ÝB-niň wekiliýetiniň başlygynyň orunbasary hanym Renata Wrobel, şeýle hem GIZ taslamasynyň ýolbaşçysy doktor Karolina Milow açdylar. ÝB-niň wekilleri Türkmenistanyň mitigasiýa mümkinçiligini goldamagy dowam etdirmek islegini tassykladylar.
Çäräniň guramaçylarynyň belleýşi ýaly, 2030-njy ýyla çenli dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmegiň milli strategiýasy we «Türkmenistanda howanyň üýtgemegine garşy göreşde ýaşlaryň başlangyçlarynyň ýol kartasy – ýaşlar howa hereketi ugrunda – 2025» ýaly iki ýurt resminamasy kontenti işläp taýýarlamaga esas boldy.
Duşuşygyň ahyrynda häzirki zaman IT enjamlaryny institutyň ýanyndaky «Dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkezine gowşurmak dabarasy boldy. Şeýle goldaw Türkmenistanyň energetika pudagynyň hünärmenleriň «ýaşyl» energiýa babatda ylmy-barlag mümkinçiligi pugtalandyrmagy, durnukly energiýa çözgütlerini emele getirmegi maksat edinýär.