Ï Türkmen wekiliýeti Hindistanda geçirilýän ýaşlar forumyna gatnaşýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen wekiliýeti Hindistanda geçirilýän ýaşlar forumyna gatnaşýar

view-icon 1597
Türkmen wekiliýeti Hindistanda geçirilýän ýaşlar forumyna gatnaşýar

21 – 29-njy mart aralygynda Hindistanda Merkezi Aziýanyň we Hindistanyň ýaşlarynyň forumy geçirilýär. Oňa Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň wekiliýetleri gatnaşýarlar.

Çäre 2022-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda geçirilen «Hindistan – Merkezi Aziýa» birinji sammitinde Hindistanyň Premýer-ministriniň başlangyjy boýunça gazanylan ylalaşyklara laýyklykda guraldy. Forum ýaşlaryň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak hem-de sebitiň ýurtlarynyň arasynda medeni alyşmalary ösdürmek boýunça bilelikdäki tagallalaryň möhüm bölegi boldy.

Gatnaşyjylar üçin baý maksatnama taýýarlanylyp, ol işewür duşuşyklary, bilim, medeni we beýleki çäreleri özünde jemleýär. 

Ýaşlaryň wekilleri Goa ştatynyň Aguada forty hem-de Bom-Žezus baziligi bilen birlikde taryhy ýerlerine baryp gördüler, Mandowy derýasy boýunça gezelenç etdiler. 

Goa ştatynyň gubernatory bilen duşuşyk maksatnamanyň möhüm bölegi boldy. Şeýle hem çärä gatnaşanlar ýaşlaryň «MY BHARAT» hindi hereketiniň meýletinçileri bilen gürrüňdeş bolmak mümkinçiligine eýe boldular.

Türkmen ýaşlar wekiliýeti forumyň işine işjeň gatnaşyp, sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça häzirki zaman garaýyşlaryny, başlangyçlaryny we pikirlerini beýan etdiler.

Delide türkmen wekiliýeti Hindi tehnologik institutyna (IIT Delhi) baryp görüp, inženerçilik bilimine öňdebaryjy çemeleşmeler, sanly tehnologiýalar hem-de startap-medeniýeti bilen tanyşdylar. Hindistanyň daşary işler ministri bilen duşuşyk aýratyn ähmiýete eýe boldy, onuň barşynda ýaşlaryň özara alşylmagyny giňeltmegiň we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. 

«Viksit Bharat Young Leaders Dialogue» atly foruma gatnaşylmagy esasy pursatlaryň biri boldy. Oňa gatnaşanlar pikirlerini paýlaşdylar, beýleki ýurtlaryň ýaş liderleri bilen tejribe alyşdylar hem-de medeni maksatnama we uly agşamlyk naharyna gatnaşdylar.

Mundan başga-da, forumyň çäklerinde geçirilen medeni alyşmalar halklaryň ýakynlaşmagynda möhüm orna eýe boldy: beýleki deň-duşlary bilen bir hatarda, türkmen ýaşlary milli çykyşlarynda döredijilik zehinlerini görkezdiler hem-de hindi medeniýetiniň özboluşly ähmiýete eýe bolan nyşanlary alamatlandyrýan ojaklara, şol sanda Täçmahala baryp gördüler. 

Halkara forumyna gatnaşmak türkmen ýaşlaryna gözýetimlerini giňeltmäge, iň oňat bilim we innowasion tejribeler bilen tanyşmaga, Hindistanyň hem-de sebitiň ýurtlarynyň işjeň ýaşlary bilen göni gatnaşyklary ýola goýmaga ajaýyp mümkinçilik berýär. 

Forum dünýä giňişliginde türkmen medeniýetini, ýurdumyzyň ýaşlar diplomatiýasyny we netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen açyklyk hem-de parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini wagyz etmäge ýardam edýär.

Üçünji gezek geçirilen halkara ýaşlar forumy Merkezi Aziýanyň we Hindistanyň ýaş liderleriniň arasynda özara hereketleri çuňlaşdyrmaga, bilim, medeni we innowasion başlangyçlary goldamaga gönükdirilendir.