22-28-nji marty aralygynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary «Daşky gurşaw meselelerini, durmuş zerurlyklaryny we ýokary dolandyrylyşy Merkezi Aziýanyň bilim we iş üpjünçiligi ulgamlarynda göz öňünde tutmak» (ESGCA) atly taslamanyň çäklerinde Rumyniýanyň Sibiu şäherinde boldular.
Iş saparynyň maksady ekologiýa, jemgyýetçilik we netijeli dolandyryş meselelerini öz içine alýan magistr okuw maksatnamasyny işläp düzmek boýunça gysga möhletli okuwlara gatnaşmakdan ybarat boldy.
Saparyň çäklerinde Rumyniýanyň Luçian Blaga adyndaky uniwersitetiniň binýadynda umumy sapaklar, okuw maslahatlar, amaly okuwlar geçirildi. Rumyniýanyň, Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynyň mugallymlary okatmagyň öňdebaryjy usullary, bilim maksatnamalaryny döretmekde innowasion çemeleşmeler, şeýle hem ekologiýa dolandyryş ulgamynda dünýädäki möhüm ýagdaýlar bilen tanyşdylar.
Ekologiýanyň durmuşy we ykdysady ugurlar bilen ýakynlaşmagy baradaky meselelere, şeýle hem Merkezi Aziýada durnukly ösüşi üpjün edip biljek maksatnamalaryň işlenilip taýýarlanmagyna aýratyn üns berildi. Okuwlara gatnaşanlar tejribelerini paýlaşdylar, bilim işine dürli çemeleşmeleri maslahatlaşdylar hem-de beýleki ýurtlarda durmuşa geçirilen üstünlikli maksatnamalaryň anyk mysallary bilen tanyşdylar.
Saparyň dowamynda gatnaşyjylar Rumyniýanyň Sibiu şäherinde ýerleşýän «Continental» awtoulaglaryň ätiýaçlyk şaýlaryny taýýarlaýan önümçilik kärhanasyna baryp gördüler. Bu önümçilik kärhanasy «ýaşyl önümçilik» konsepsiýasyny işjeň ornaşdyrýar, bu bolsa ekologiýa taýdan arassa serişdeleri ulanylmagy, energiýa we suw tygşytlaýjy innowasion tehnologiýalaryny ulanmagy has-da işjeňleşdirmegi, şeýle-de kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny azaldylmagyny özünde jemleýär. Mugallymlar daşky gurşawa ýetirilýän täsiri peseltmek boýunça kärhananyň strategiýalary barada maglumat aldylar. Bu bolsa geljekki hünärmenleri ekologiýa we durnukly ösüş ulgamynda okadýan bilim edaralary üçin uly ähmiýete eýedir.
Okuwlaryň geçirilmegi mugallymlaryň alan gymmatly bilimleri we teklipleri bilen baglylykda, ekologiýa we jemgyýetçilik meseleleri boýunça magistr okuw maksatnamasyny üstünlikli işläp taýýarlamaga ýardam bermäge gönükdirilendir. Täze magistr okuw maksatnamasynyň nazary taýýarlygy amaly başarnyklar bilen utgaşdyrmagyna garaşylýar. Bu bolsa uçurymlara ekologiýa we jemgyýetçilik meseleleri, şeýle hem tebigy serişdeleri dolandyrmak ulgamlarynda netijeli zähmet çekmäge mümkinçilik berer. Mundan başga-da, taslamanyň çäklerinde tejribe alyşmak we iň täze bilim tejribelerini ornaşdyrmak üçin mundan beýläk-de duşuşyklary hem-de okuwlary guralmagy meýilleşdirilýär. Bu bolsa sebitde durnukly ösüşi gazanmakda Merkezi Aziýanyň talyplary we mugallymlary üçin täze mümkinçilikleri açar.
Ýewropa Bileleşiginiň Erazmus+ maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýan ESGCA taslamasynyň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin ekologiýa we durnukly ösüş ulgamynda bilim maksatnamalaryny kämilleşdirmäge gönükdirilendigini hem-de sebitde ýokary bilim hilini ösdürmäge uly täsir edýändigini ýatlap geçmek isleýäris. Onuň esasy wezipesi ekologiýa meseleleriniň jemgyýetçilik zerurlyklary we netijeli dolandyrmagyň ýörelgeleri bilen utgaşdyrylmagyndan ybaratdyr. Taslama gatnaşyjylar Italiýanyň, Rumyniýanyň, Slowakiýanyň hem-de Merkezi Aziýa sebitiniň birnäçe ýurtlarynyň esasy uniwersitetleridir.