Ýurdumyzyň Lebap welaýatynyň Gündogarynda ýerleşýän Köýtendag, Kerki, Hojambaz we Halaç etraplarynda ýüpek gurçuklaryny köpçülikleýin idetmeklige guramaçylykly girişildi.
Bu möhüm möwsüme irki möhletde badalga berilmegi ýüpek gurçugyny iýmitlendirmek üçin amatly şertleriň döremegi, ýagny, howanyň amatly gelip, tut ýapraklarynyň ir ýetişmekligidir. Welaýatyň beýleki etraplarynyň hem bu möhüm möwsüme başlajak günleri daşda däl. Geçen ýyl şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen berjaý eden lebaply ussat ýüpekçiler şu möwsümde hem 27 müň 656 guty ýüpek gurçugyndan ykdysadyýetimiz üçin gymmatly çig mal bolan piläniň 1 müň 10 tonnasyny öndürmekligi maksat edinýärler. Bu bolsa ýurdumyz boýunça öndürilýän jemi piläniň ýarymyna golaýydyr.
Şu möwsümde welaýatda ýüpek gurçugynyň daşary ýurtdan getirilen sortlary bilen birlikde «Lebap -1», «Lebap-2», «Dostluk-1», «Dostluk-2», «Türkmen» we «Ak pile» ýaly görnüşleri idediler. Gündogar sebitiň çägindäki etraplaryň ählisinde bu möwsüme öňünden ykjam taýýarlyk görüldi. Häzirki wagtda welaýatda öz işine ussat tejribeli ýüpekçileriň 23 müň töweregi bilen şertnama baglaşylypdyr, şeýle hem sebitiň ähli etraplarynda pile kabul ediş we guradyş sehleri möwsüme doly taýýar edilipdir. Munuň özi kärendeçi-pileçilerden önümi bökdençsiz kabul etmeklige, gysga wagtda piläniň hilini anyk kesgitlemäge, saklamaga hem-de agrotehniki kadalara laýyklykda degişli işleri geçirmeklige mümkinçilik berer.
Welaýatyň ähli etraplarynyň hojalyklarynda tut agaçlaryna ýylyň dowamynda yzygiderli ideg edilmegi, ýüpek gurçuklarynyň idediljek ýerleriniň öňünden doly taýýar edilmegi, möwsümiň dowamynda «Lebapwelaýatýüpek» önümçilik birleşiginiň hünärmenleriniň ýüpekçileriň arasynda yzygiderli bolup, gymmatly maslahatlary berip durmaklary, pileçi-kärendeçileriň yhlasly zähmeti bilen utgaşyp, lebaply ýüpekçileriň şu önümçilik ýylynda hem öňde goýan belent maksatlaryna ynam bilen ýetjekdiklerine şaýatlyk edýär.