Lebap welaýatynyň zähmetsöýer daýhanlary Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda 1400 gektar ýerden 19 müň 600 tonnadan gowrak ýeralma ýygnap, bu baradaky döwlet meýilnamany artygy bilen amal etmegi başardylar. Munuň özi her gektaryň hasyllylygynyň 140 sentnerden aşandygyny aňladýar.
Welaýat boýunça bu möwsüme taýýarlykly gelinmegi, ýeralmanyň ýokary hasyl berýän, sebitiň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän, synagdan geçen tohumlarynyň saýlanyp alynmagy, ekişiň öz wagtynda talaba laýyk geçirilmegi hem-de ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylmagy sebitde bu möhüm azyklyk ekiniň bol hasylynyň kemala getirilmegini üpjün etdi. Şu möwsümde Çärjew etrabynda 500 gektar ýerde ýeralma ekilip, ondan 7 müň tonnadan gowrak, Dänew we Saýat etraplarynyň hersinde 300 gektar ýerden degişlilikde 4 müň 200 tonnadan gowrak, Kerki we Halaç etraplarynda hem degişlilikde 150 we 130 gektar ýerde ýeralma ekilip, ondan 2 müň 107 we 1 müň 822 tonna hasyl ýygnaldy.
Bu möhüm azyklyk ekin ak bazarlarda we dükanlarda alyjylara elýeterli bahalardan hödürlenýär, galan bölegi hem «Miwe» oba hojalyk senagat birleşigine degişli ýöriteleşdirilen sowadyjy ammarlara iberilýär we ýylyň bütin dowamynda raýatlarymyzy ekologiki taýdan arassa, ter ýeralma bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem Gündogar sebitiň gök ekerançylary şu önümçilik ýylynda sogan, pomidor, hyýar, kelem, käşir ýaly gök önümleriň hem-de bakja ekinleriniň bol hasylyny kemala getirmek maksady bilen gaýratly zähmet çekýärler. Häzirki wagtda bu ugurda işleriň guramaçylykly alnyp barylmagy, daýhanlaryň tutanýerli zähmeti lebaply gök-bakjaçylaryň arzyly maksatlaryna ynam bilen ýetjekdiklerine şaýatlyk edýär.