Hazar deňziniň geçmişde-de, häzirki wagtda-da alymlaryň üns merkezinde bolmagy geň däldir, çünki ol örän baý gorlary bilen diňe bir Ýer ýüzündäki iň ajaýyp desgalaryndan biri bolman, eýsem, gadymy döwürlerden bäri özüniň kenarynda ýerleşen köp sanly halklary we ýurtlary baglanyşdyryp gelýän deňizdir.
Hazar deňziniň örän gadymy döwürlerden möhüm geosyýasy ähmiýeti bar. Ol dünýä ummany bilen baglanyşygy bolmadyk, Ýer ýüzündäki ýapyk suw howdanlaryndan iň ulusydyr. Hazar deňzi alymlar tarapyndan Ortaýer deňzi bilen Ýuwaş ummany aralygynda ýerleşen gadymy we ýaýbaň Tetis ummanynyň galyndysy diýlip hasaplanylýar. Olaryň arasyndaky baglanyşyk dag emele getiriji hadysalaryň netijesinde 6 million ýyl mundan ozal üzülipdir.
Hazar deňzi meridianlar ugrunda ýerleşip, onuň uzynlygy 1200 kilometrdir. Onuň tutýan meýdany 386 müň inedördül kilometre deň. Kenar çyzygynyň umumy uzynlygy 7000 kilometre deň bolup, ortaça ini 320 kilometr, suwunyň göwrümi 80 müň kub kilometrdir. Iň çuňňur ýeri Eýranyň kenarynda ýerleşýär we ol 1025 metre deňdir. Çuňlugy 5–15 metrlik ýalpak bölegi Gazagystanyň kenarýakasynda ýerleşýär.
Taryhda Hazar deňziniň 70-e golaý ady bolupdyr. Ýöne häzirki ady has giňden ýaýranydyr. Ony ilkinji bolup b.e öň V asyrda ýaşan gadymy grek taryhçysy Gerodot ulanypdyr. «Kasp» sözüniň gelip çykyşy mundan müňlerçe ýyl ozal deňziň günorta-günbatar kenarynda ýaşan halkyň ady bilen düşündirilýär. Häzirki wagtda onuň umumy ykrar edilen ady bilen bir hatarda Hazar deňzi hem ulanylýar. Hazar sözi türki dillerinde «jahankeşdelik etmek» diýmegi aňladýar.
Hazar deňziniň biodürlüligi uludyr. Ol ýerde floranyň, takmynan, 733 görnüşi we faunanyň 1814 görnüşi ýaşaýar. Endemik görnüşleriň sany 300-den gowrak bolup, balyklaryň 100 görnüşi bar. Hazar düwleni süýji suwly howuzlarda (Baýkal köli) ýaşaýan iki endemik görnüşiň biridir. Mälim bolşy ýaly, geçen asyryň 70-nji ýyllaryndan bäri sebitde adamyň nebit we gaz çykarmak bilen bagly hojalyk işleriniň depgini güýçlenýär.
Hazar deňziniň sebitindäki ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak üçin Hazarýaka döwletleriniň hökümetleri tarapyndan Hazaryň ekologiýasynyň durnukly ösüşini we dolanyşygyny üpjün etmek maksatlarynda Hazar Ekologiýa Maksatnamasy (HEM) döredildi.
Hazaryň tutuş deňiz gurşawy bilen kenarýaka zolagy toplumlaýyn öwrenildi. Hazarýaka ýurtlaryň her biri, şol sanda Türkmenistan üçin kenarýaka zolagyň ykdysady we ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen çäreleriň ýerine ýetirilmegini göz öňünde tutýan Milli Hazar iş meýilnamalary işlenilip taýýarlanyldy.
Тürkmenistan nebitgaz toplumynyň, ulagyň, balykçylygyň, jahankeşdeligiň we dikeldiş işleriniň ösmegi üçin tebigy gorlaryň ajaýyp mümkinçiligine eýe bolan Hazar deňziniň kenarýaka zolagyna uly üns berýär. Türkmen kenarynyň uzynlygy 650 kilometrden, köp sanly aýlaglary hasaba alanyňda bolsa, ol 1200 kilometrden artýar we tutuşlygyna çägeli zolakda ýerleşýär.
Türkmenistan özüniň ykdysady ösüşinde durnukly kämilleşmek ýörelgesine eýerýär, onuň esasynda bolsa ykdysady we ekologiýa meseleleriň bilelikde seljerilmegi we çözülmegi möhüm bolup durýar. Hazar deňziniň türkmen kenarynda döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy tebigaty oňyn peýdalanmagyň, tebigy gorlary özleşdirilende durnukly ösüş ýörelgeleriniň üstünlikli uýgunlaşmagynyň mysalydyr.
Deňiz giňişligi halkara ulag-ykdysady gatnaşyklary we balyk senagatyny ösdürmek üçin ulanylýar. Ýalpak we kenarýaka suw-batgalyk ýerler deňiz organizmleriniň örňeýän hem-de balyklaryň ýygnanýan ýeridir. Ol ýerde Hazar deňzinde gyşlaýan guşlaryň ählisiniň üçden iki bölegi gyşlamaga galýar. Hazaryň türkmen böleginiň adam üçin ýokary derejeli täsiri hökmünde ekologiýa şertlerine umumylykda baha bermek bilen, şol ýerleriň dynç almak üçin oňyn ýerdigini bellemek gerek.
Türkmenbaşyda halkara deňiz portunyň gurulmagy hojalyk desgalarynyň gurluşygynda ekologiýa çemeleşmesini ulanmagyň ajaýyp mysaly bolup durýar. Ol ýerde köp sanly arassalaýjy desgalar bar we olar golaýdaky deňiz suwuny arassa saklamaga mümkinçilik berýär.
Kenar zolagy deňiz gurşawy bilen ýerüsti ekoulgamlaryň we durmuş-ykdysady gurşawyň özara baglanyşygy sebäpli hemişe hereketdedir hem-de işjeňdir. Hazarýaka sebitiniň durnukly ösüşi boýunça çäreleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanda Hazar deňziniň instituty döredildi. Ol toplumlaýyn ylmy barlaglaryň geçirilmegi üçin täze güýçli itergi bolup durýar. Şeýle hem ol ýerde Hazar deňziniň başbütin saklanyp galmagy üçin guramaçylyk çäreleri işlenilip taýýarlanylýar.
Hazar – tebigy gorlara baý deňiz. Şol gorlar rejeli we aýawly ulanylanda olar ýene-de millionlarça ýyllara ýeter. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda geljekki nesillere Hazar deňziniň baý tebigatyny miras galdyrmak üçin ekologiýa diplomatiýasy üstünlikli hereket edýär. Şeýle tagallalara esaslanyp gözel tebigatymyzy aýawly saklamak bolsa biziň her birimiziň ynsanlyk borjumyzdyr.