Ï Daşoguz welaýatynyň gallaçylary üçin gyzgalaňly döwür
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşoguz welaýatynyň gallaçylary üçin gyzgalaňly döwür

view-icon 1333
Daşoguz welaýatynyň gallaçylary üçin gyzgalaňly döwür

Daşoguz welaýatynda güýzlük galla oragy bu ýyl hem Görogly etrabynyň “Aksaraý” daýhan birleşiginde başlandy. Ilkinji bugdaý sümmülleri on iki gektar meýdanda oňat hasyl ýetişdirmegi başaran ýerli kärendeçi Nurgeldi Esenowyň meýdanynda oruldy.

Soňky ýyllarda sebitde ekişiň “bismillasyny” etmek ýaly hormatly hukugyň köplenç şu daýhan birleşigine berilmegi tötänden däldir. Ol bu gymmatly ekini ösdürip ýetişdirmekde ýyldan-ýyla saldamly netijeleri gazanýar. Ýerli gallaçylar şu ýyl hem her gektardan azyndan on dokuz sentner däne ýygnamagy maksat edinýärler.

Hünärmenleriň pikirine görä, welaýatda oňat bugdaý hasyly ösdürilip ýetişdirilipdir. Munuň asyl sebäpleriniň biri-de ýerli howa şertlerine uýgunlaşdyrylan ýokary hasylly we çydamly bugdaý görnüşlerinden "Juwan", "Sährayy", "Batko", "Alekseýewiç" we "Bezostaýa-100" tohumlyk bugdaýlaryň ulanylmagydyr.

Galla hasylyny daşamagy, ösdürilip ýetişdirilen gallany saklamagy we gaýtadan işlemegi üstünlikli geçirmek üçin zerur bolan ähli guramaçylyk çäreleri görlüpdir. Mysal üçin, welaýatda hasyl ýygnamak işlerini ýokary depginde dowam etdirmek üçin, bu işe meşhur “John Deer” we “CLAAS” kysymly 315 sany ýokary öndürijilikli kombaýn çekilipdir. Bugdaýy daşamaga bolsa bir ýarym müňden gowrak ýük awtoulagy gatnaşar. Olar ulaglary ýangyç we çalgy ýaglary bilen bökdençsiz üpjün ederler we gyssagly tehniki hyzmaty amala aşyrarlar.