Ï Türkmenistanda gümrük işinde töwekgelçilikleri dolandyrmagy kämilleşdirmek boýunça okuw maslahaty geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda gümrük işinde töwekgelçilikleri dolandyrmagy kämilleşdirmek boýunça okuw maslahaty geçirildi

view-icon 2378
Türkmenistanda gümrük işinde töwekgelçilikleri dolandyrmagy kämilleşdirmek boýunça okuw maslahaty geçirildi

2025-nji ýylyň 10–19-njy iýuny aralygynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy gümrük işinde töwekgelçilikleri dolandyrmak ulgamyny kämilleşdirmek boýunça okuw maslahatyny geçirdi.

Ýurdumyzyň gümrük edarasynyň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, bu çäre «Türkmenistanyň gümrük edaralaryny ösdürmegiň 2022–2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň» durmuşa geçirilmeginiň çäginde ýola goýuldy.

Maslahata BMG-niň Söwda we ösüş konferensiýasynyň (ÝUNCTAD) halkara hünärmenleri Grigore Waranita we awtomatlaşdyrylan «ASYCUDA» gümrük resmileşdiriş ulgamyny ulanmakda uly tejribesi bolan Dorin Purişe gatnaşdy.

Hünärmenler maslahata gatnaşanlary gümrük işinde töwekgelçilikleri dolandyrmaga häzirki zaman çemeleşmeleri bilen tanyşdyrdylar. Maslahatyň barşynda maglumatlary seljermek arkaly gümrük gözegçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de sanly ulgamlaryň gümrük amallarynda üstünlikli ulanylyşy bilen baglanyşykly meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Okuw tamamlanandan soň, oňa gatnaşanlar synagdan geçdiler, onuň netijeleri Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işgärleriniň ýokary taýýarlyk derejesini tassyklady.