Ï Günbatar sebitde ýeralmanyň bereketli hasyly ýygnaldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Günbatar sebitde ýeralmanyň bereketli hasyly ýygnaldy

view-icon 2708
Günbatar sebitde ýeralmanyň bereketli hasyly ýygnaldy

Balkan welaýatynyň zähmetsöýer kärendeçi daýhanlary, ýer eýeleri mukaddes topragyň agrotehniki talaplar esasynda idegini ýetirip, ýylyň-ýylyna guwandyryjy önümçilik görkezijilerini gazanýarlar. Şeýle-de daýhanlar ilatymyzy tebigy taýdan arassa, bäsleşige ukyply önümler bilen ýylboýy ygtybarly üpjün edip durýarlar.

Günbatar sebitiň daýhanlary hemişelik Bitaraplygymyzyň şöhratly 30 ýyllyk baýramynyň giňden toýlanyljak Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýazlyk ýeralmanyň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirdiler. Welaýatyň toprak-howa şertlerinde köp hasyl berijiligi bilen tapawutlanýan, kesellere garşy durnukly görnüşlerinde kemala getirlen hasyl daýhanlaryň azaplarynyň ýerine düşendiginiň güwäsidir. Möwsümleýin işleriň ählisi gadymdan gelýän ekerançylyk ýörelgeleri hem-de häzirki zamanyň öňdebaryjy tejribeleri bilen utgaşdyrylyp, ylmy esaslarda ýola goýuldy.

Häzirki wagtda welaýatyň oba hojalyk etraplarynda esasy azyklyk önümleriň biri hasaplanýan ýeralmanyň bitginli hasylyny ýygnamak işleri tamamlanyp barýar. Şeýle jogapkärçilikli işlerde ýöriteleşdirilen oba hojalyk tehnikalarynyň hyzmatyndan ýerlikli peýdalanylyp, ynsan saglygy üçin ähmiýetli, ýokumly bolan ýeralma hasyly isripsiz ýygnalyp alynýar. Belent maksatlara beslenen guramaçylykly işler hem şowly netijelerini berdi. Şeýlelikde, welaýat boýunça 1 müň 600 gektardaky ýazlyk ýeralma meýdanyndan 22,5 muň tonna golaý ýokary hasyl alnyp, degişli meýilnama üstünlikli ýerine ýetirildi.

Ýeri gelende aýtsak, azyk bolçulygyna mynasyp goşant goşýan balkanly hasyl ussatlary şu günlerde-de iş depginlerini birjik hem gowşatman, has-da tutanýerli zähmet çekýärler. Şeýle-de hasyldan boşan ýerlerde dessine sürüm işlerine girişilip, geljek möwsümdäki güýzlük ýeralmanyň ekişine jogapkärli taýýarlyk görülýär. Hünärmenleriň gürrüň bermeklerine görä, tutuş oba hojalyk toplumyny ösdürmekde döwlet derejesinde berilýän hemaýat-goldawlar bolsa gazanylýan ýokary üstünlikleriň mäkäm binýady bolup durýar.