Daşoguz welaýatynyň oba hojalyk pudagynda däneli ekinler bolan mäş we noýba esasy ekinleriň hataryna durýar. Şu ýyl welaýat boýunça 7300 gektarda mäş, 410 gektarda bolsa noýba ekiler.
Sebitde mäşi we noýbany iň köp öndürijileriň biri Akdepe etrabynyň ekerançylarydyr, olar 2500 tonnadan gowrak mäş hem-de 180 tonna noýba hasylyny almagy meýilleşdirýärler. Köneürgenç etrabynda mäş üçin 1500 gektar, noýba üçin bolsa 65 gektar ýer bölünip berildi. Şeýle hem S.Türkmenbaşy adyndaky etrabyň we Boldumsaz etrabyň daýhanlary hem mäşi we noýbany esasy öndürijileriň hataryna girýär.
Bu ekinleriň şeýle möçberlerde öndürilmegi diňe bir sarp edijileriň islegini kanagatlandyrman, eýsem, ýer we suw serişdeleriniň rejeli we netijeli ulanylmagyna hem ýardam edýär. Hünärmenleriň pikirine görä, däneli ekinleriň ekilip, ekerançylykda ekin dolanyşygynyň ýola goýulmagy ekinleriň ýokary hasyllylygyny gazanmaga hem-de topragyň melioratiw ýagdaýyna oňyn täsir edýär. Bu ekinleriň tiz ýetişmegi olaryň aralyk ekin hökmünde hem ulanylmagyna mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, olar daşamak hem-de uzak wagt saklamak üçin amatly ekinlerdir.
Welaýatyň ekerançylarynyň bu ekinleri sebitde howanyň dürli şertlerinde ösdürmekde baý tejribelere eýedigini bellemek gerek. Bu bolsa her gektardan ýokary hasyl almak we mäş hem-de noýba taýýarlamak boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin mümkinçilik berýär.