Ï Türkmenistanyň gümrük işgärleri Moldowada geçirilen sebitleýin maslahata gatnaşdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň gümrük işgärleri Moldowada geçirilen sebitleýin maslahata gatnaşdylar

view-icon 2920
Türkmenistanyň gümrük işgärleri Moldowada geçirilen sebitleýin maslahata gatnaşdylar

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri golaýda Kişinýow şäherinde geçirilen sebitleýin maslahata gatnaşdylar. Bu çäre Ýewropa Bileleşiginiň goldawy astynda Halkara söwda merkezi tarapyndan amala aşyrylýan «Ready4Trade Merkezi Aziýa» taslamasynyň çäginde guraldy. Çäräniň geçirilmegine Moldowa Respublikasynyň gümrük gullugy hem öz goşandyny goşdy.

Peer Learning Initiative (Tejribe alyşmak başlangyjy) görnüşinde geçirilen bu sebitleýin maslahata Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, şeýle hem Moldowa bilen Türkiýäniň gümrük edaralarynyň we hususy pudagyň wekilleri hem gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda gatnaşyjylar daşary ykdysady işiň gatnaşyjylary bilen özara gatnaşyklar babatynda öňdebaryjy tejribeler bilen tanyşdylar, halkara söwdanyň ýeňilleşdirilmegine we gümrük amallarynyň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna uly ähmiýet berilýän Ygtyýarly ykdysady operatorlar (YYO) maksatnamalarynyň ornaşdyrylmagynyň aýratynlyklaryny öwrendiler. Şeýle-de, gümrük dolandyryşyny döwrebaplaşdyrmak, işewürlik üçin amatly şertleri döretmek we hususy pudagyň YYO maksatnamalaryna gatnaşygyny giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çäräniň aýratyn bir mejlisinde Moldowa Respublikasynyň YYO şahadatnamalaryna eýe bolan kompaniýalarynyň we ýurduň söwda-senagat edarasynyň gatnaşmagynda Moldowanyň YYO maksatnamasyny durmuşa geçirmekde gazanan tejribesi bilen giňden tanyşdylar.