Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguz şäheriniň «Demirbetonönümleri» zawodynyň işçileri şu günler önümçilik işlerini yzygiderli ýokary depginde alyp barýarlar.
Ýylyň birinji ýarymy üçin meýilleşdirilen tabşyryk ähli esasy görkezijiler boýunça artygy bilen ýerine ýetirildi. Şeýlelikde, şu ýylyň ilkinji alty aýynda kärhana 16 müň kub metrden gowrak gurnama demir-beton öndürdi, bu bolsa göz öňünde tutulanyndan ep-esli köpdür. Işiň oýlanyşykly ýola goýulmagy netijesinde, şu döwürde önüm öndürmek meýilnamasy bir ýüz otuz göterimden gowrak ýerine ýetirildi.
Zawodyň işgärleri önümçilik möçberini mundan beýläk-de pese düşürmän saklamagy we ýyllyk tabşyrygy üstünlikli ýerine ýetirmegi maksat edinýärler. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguz demir-beton önümleri zawodynyň köp ýyllaryň dowamynda sebitiň gurluşyk pudagyny zerur demir-beton desgalary bilen yzygiderli üpjün edip gelýändigini, binalaryň we desgalaryň gurluşygynyň ýokary tizligini üpjün edýändigini bellemelidiris. Senagat we raýat gurluşygy üçin öndürilen önümler tehnologik döwrebaplygy, şekilleriniň dürlüligi, uzakçyllygy, örän berkligi we köp ýük göterijiligi bilen tapawutlanýarlar we statik hem dinamik ýüklere gowy çydam edýärler.
Kärhananyň ussahanalarynda oturdylan häzirki zaman ýokary öndürijilikli ýöriteleşdirilen enjamlar önümleriň ýokary hilini we dürlüligini üpjün edýär. Kärhananyň öz gurluşyk bölümleri-de bar. Häzirki wagtda şäher gurluşygynda olaryň hyzmatyna uly isleg bildirilýär.