Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda bagbançylyk pudagynda işleýän «Miwe» açyk paýdarlar jemgyýeti umumy möçberi 180 tonna bolan ilkinji alma we şetdaly hasyly ýygnaldy. Alma hasyly 110 gektar meýdandan, şetdaly bolsa 115 gektardan ýygnaldy.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Miwe», agrotehniki kadalara laýyklykda, uzak möhlet ulanmak üçin alnan meýdanda bu gün dürli görnüşli miweli agaçlary ösdürip ýetişdirýär.
«Miwäniň» baglarynda almadyr şetdaly agaçlaryndan başga-da hurma, itburun, alça we armyt ösdürilip ýetişdirilýär. Kärhana hasyllylygy ýokarlandyrmak üçin, daşary ýurt enjamly damjalaýyn suwaryş ulgamyny ulanýar, bu bolsa suwuň tygşytly ulanylmagyny üpjün edýär.
Tomus möwsüminde baglary güýçli gün şöhlesinden goramak üçin ýörite şertler döredilipdir. Ekologiýa taýdan arassa miweler bölek satuw nokatlary we söwda merkezleri arkaly içerki bazara iberilýär. Şol bir wagtyň özünde kärhananyň işgärleri we hünärmenleri alma we beýleki miwe hasylyny-da daşary ýurtlara tapgyrlaýyn iberip başladylar.