Häzirki wagtda «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda Günorta Koreýanyň «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» kompaniýasy bilen bilelikde her biri 6100 tonna kuwwatly iki sany gury ýük gämileriniň gurluşyk işleri ýokary derejede alnyp barylýar. Taslama halkara gatnaşyklaryny we ýurdumyzyň ulag pudagyny ösdürmegiň çäginde durmuşa geçirilýär.
Gurulýan gämiler dünýäniň gämi gurluşygy boýunça ýokary halkara ölçeglerine doly laýyk gelýär. Olaryň gurluşygy ýokary tehniki derejesinde, koreý tehnologiýalaryna we tejribesine daýanmak bilen alnyp barylýar. Gämileriň gurluşygy bilen bir hatarda, zawod kebşirlenen bölekleriň synaglaryny geçirmek üçin degişli şahadatnamany hem aldy. Russiýanyň Deňiz gämi gatnawy registriniň beren şahadatnamasynyň esasynda kärhananyň laboratoriýasyna synaglaryň ýedi görnüşini geçirmek hukugy berildi. Munuň özi zawoda gämi gurluşygy döwründe kebşirlemegiň hiline özbaşdak gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.