Ýüpekçilik ýurdumyzda esasy pudaklaryň biri bolup, ol köklerini has irki döwürlerden alyp gaýdýar. Gymmatly çig mal hasaplanýan ýüpek ýurdumyzyň ýeňil senagatynda aýratyn orna eýedir.

Häzirki döwürde bu pudakda hereket edýän iň iri kärhanalaryň biri hem 1931-nji ýylda işe girizilen «Türkmenpagta» döwlet konserniniň garamagyndaky Türkmenabadyň ýüpek önümçilik birleşigidir. 90 ýyl töweregi wagtdan bäri işläp gelýän baý iş tejribesi bolan bu kärhananyň Garaşsyzlyk ýyllarynda durkunyň täzelenmegi, piläni işlemek üçin häzirki zaman tehnologiýalarynyň önümçilige ornaşdyrylmagy, şeýle hem önüm öndürmegiň täze usullarynyň we görnüşleriniň gözlenilmegi birleşigiň geriminiň giňelmegini we önümçiligiň netijeliliginiň ýokarlanmagyny üpjün edýär. Kärhana boýunça Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň alty aýynda gazanylan ýokary netijeler hem işleriň guramaçylykly ýola goýlandygyna şaýatlyk edýär. Degişli döwürde önümçilik birleşigi boýunça 33 ýarym tonna golaý çig ýüpek taýýarlanylypdyr. Bu bolsa önüm öndürmek boýunça meýilnamanyň 119,3 göterim amal edilendigini aňladýar.

Şeýle hem ýylyň başyndan bäri, bu kärhanada 4 million 940 müň inedördül metr nah mata öndürilip, bu baradaky meýilnama 106 göterimden gowrak ýerine ýetirildi. Kärhanada degişli döwürde 60 müň inedördül metr ýüpek mata öndürildi. Bu ýerde iki iş çalşygynda zähmet çekilip, işe gatnamaklary üçin kärhananyň işçi-hünärmenleri ýörite awtoulag bilen üpjün edilendir. Kärhanada tapawutlanyp zähmet çekýän işgärleriň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän «Hasyl» sagaldyş-dynç alyş merkezine iberilmegi işçi-hünärmenleriň has-da yhlasly zähmet çekmegini üpjün edýär.

Önümçilik birleşiginde pile kelepleýji, egirme-dokma, reňk-boýag, şonuň bilen birlikde, halkyň köp sarp edýän harytlarynyň bölümleri bolup, bu ýerde ýurdumyzyň pileçi-kärendeçileriniň ýüpek gurçugyny idedip alýan pilesi gaýtadan işlenilýär we çig ýüpek, ýüpek önümleri taýýarlanylýar. Bu iri kärhanada ýurdumyzyň diňe bir Lebap welaýatynyň pileçileriniň öndüren önümleriniň däl, eýsem, Mary we Daşoguz welaýatlarynyň hem ýüpekçileriniň taýýarlan pile hasyly hem işlenilýär. Hünärmenleriň we işçileriň 900-e golaýynyň zähmet çekýän önümçilik birleşiginde nepis ýüpek halylarynyň önümçiliginiň hem ýola goýlandygyny belläp geçmek buýsançlydyr. Ýokary hil derejesi bilen tapawutlanýan ýüpek halylary sargytlar esasynda dokalýar. Kärhananyň halyçylyk bölüminde halkyň arasynda uly islegden peýdalanýan ýantorbalar, awtoulaglara niýetlenen düşekçeler, sowgatlyk halylar öndürilýär. Bu ýerde taýýarlanylýan önümler kärhananyň söwda dükanynda elýeterli bahalardan ilata hödürlenýär.

Türkmenabadyň ýüpek önümçilik birleşiginde gazanylýan zähmet üstünlikleri bu kärhananyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň 30 ýyllyk şanly toýuna mynasyp zähmet sowgadydyr.