Ï Türkmenistan Bütindünýä gümrük guramasynyň sebitleýin maslahatyna gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan Bütindünýä gümrük guramasynyň sebitleýin maslahatyna gatnaşdy

view-icon 1506
Türkmenistan Bütindünýä gümrük guramasynyň sebitleýin maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde Bütindünýä gümrük guramasy (BGG) tarapyndan gurnalan sebitleýin maslahata gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Çäre 2025-nji ýylyň 8–11-nji iýuly aralygynda Ýaponiýanyň Hökümetiniň goldaw berýän Merkezi Aziýa we Kawkaz boýunça howpsuzlyk taslamasynyň (CCASP) çäklerinde geçirildi.

Sebitdäki sekiz ýurtdan gümrük dolandyryş edaralarynyň wekillerini öz içine alýan maslahatyň maksady Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlarynyň arasynda uçarmansyz howa ulaglarynyň bikanun hereketine garşy göreşde hyzmatdaşlygy güýçlendirmekdi.

Şeýle hem, maslahatyň dowamynda sebitleýin tejribe alyşmagyň utgaşdyrylmagy we howpsuzlygyň üpjün edilmeginde edaralaryň arasynda hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.