Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň dört hünärmenden ybarat wekiliýeti Şanhaý gümrük institutynda gümrük töwekgelçiliklerini dolandyrmak boýunça okuw meýilnamasyny geçdiler. Okuw Hytaý Halk Respublikasynyň Baş gümrük müdirliginiň goldawy bilen 2025-nji ýylyň 1-nji iýulyndan 14-nji iýuly aralygynda geçirildi. Oňa tutuş Merkezi Aziýadan wekiller gatnaşdy.
Okuwa gatnaşanlar maksatnamanyň çäginde Hytaýyň gümrük töwekgelçiliklerini çaklamak we onuň öňüni almak ugrundaky tejribesi bilen tanyşdylar. Hytaýda gümrük gözegçiliginde ulanylýan akylly tehnologiýalar barada maglumat aldylar. Okuw maksatnamasy Ygtyýarly ykdysady operatorlar (YYO) maksatnamasynyň, «Akylly gümrük» we «Eksport-import amallary üçin Bir penjire» ulgamlarynyň işleýşi bilen tanyşlygy-da öz içine aldy.
Okuwyň amaly böleginde oňa gatnaşýanlar akylly gözegçilik nokadyna, awtomatlaşdyrylan terminala, Aziýa-Ýuwaş umman bazaryna, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) merkezine, önümçilik kärhanalaryna we logistika merkezlerine baryp gördüler.
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekili töwekgelçilikleri dolandyrmak boýunça milli tejribämiz barada çykyş edip, Türkmenistanda gümrük işlerini sanlylaşdyrmak we töwekgelçiliklere baha beriş seljermesi babatynda gazanylan üstünliklere ünsi çekdi. Türkmenistandan gelen wekiliň çykyşy uly gyzyklanma döretdi we daşary ýurtly kärdeşleri bilen düýpli gepleşik üçin esas boldy.
Bu maksatnama gatnaşmak türkmen gümrüginiň işinde dünýä tejribesini durmuşa geçirmekde möhüm ädimdir.