Häzirki wagtda Daşoguz welaýatynyň ýol gurluşygy we döwrebaplaşdyrylmagy işlerinde «Daşoguz ýol gurluşyk, abatlaýyş we önümçilik kärhanasy» asfalt zawodynyň işgärler topary hem mynasyp goşant goşýarlar. Geçen ýyl ulanmaga berlen bu zawod sagatda 240 tonna önümçilik kuwwatyna eýedir.
Täze gurluşyk ýol örtügine zerur bolan asfaltyň ýokary hilini üpjün edýän ýokary tehnologiýaly önümçilik bolup durýar. Ol biri-biri bilen sazlaşykly işleýän we Germaniýada öndürilen dürli enjamlar bilen üpjün edilen toplumdan ybaratdyr.
Täze asfalt zawody ýerli çig mal esasynda işleýär. Şeýdip, asfalt garyndysyny taýýarlamak üçin zerur bolan çägeli daş Boldumsaz etrabynyň käninden getirilýär, bitum bolsa Balkan welaýatyndan alnyp gelinýär. Ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde bolşy ýaly, bu welaýatda hem şäherleriň we obalaryň doly derejeli ýol-ulag infrastrukturasyny üpjün etmek meselelerine uly üns berilýär. Bu ýerde her ýyl dürli maksatly täze ýollaryň gurluşygy we bar bolanlarynyň täzeden gurluşygy boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Ulag aragatnaşygyny ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak derejesini, ykdysady ösüş depginini hem-de ilatyň ulag hyzmatlaryna bolan islegini göz öňünde tutup yzygiderli amala aşyrylýar.