Ï Ýokary hilli ideg – bol hasylyň girewi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýokary hilli ideg – bol hasylyň girewi

view-icon 3052
Ýokary hilli ideg – bol hasylyň girewi

Lebap welaýatynyň oba hojalykçylary şu oba hojalyk ýylynda 130 müň gektar ýere gowaça ekip, ondan bol pagta hasylyny almaklygy meýilleşdirýärler. Oba hojalygy ulgamynda gazanylýan üstünlik hysyrdyly, irginsiz zähmetiňe, yhlasyňa bagly.

Şu ýörelgeden ugur alýan lebaply daýhanlar hem ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamakdan, kadaly ekiş geçirmekden başlap, tä ekinler hasyla durýança ideg işlerini göwnejaý alyp barýarlar. Häzirki wagtda welaýatda boýy ýeten gowaçalary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, hatarara bejergileri geçirmek, ösüş suwuny tutmak we gowaçalaryň ujuny çyrpmak işleri utgaşykly alnyp barylýar. Bu işde ýokary öndürijilikli tehnikalaryň we kämil oba hojalyk gurallarynyň hem-de tirkegleriniň netijeli peýdalanylmagy işleriň barha ilerlemegine ýardam edýär. Häzirki wagtda pagtaçy-kärendeçileriň yhlasly zähmeti we tehnikalaryň öndürijilikli we bökdençsiz işledilmegi netijesinde gowaça ekilen meýdanlarda 6-njy hatarara bejergi işleri dowam etdirilip, şu wagta çenli çenli 40 müň gektardan gowrak ýerde bu ugur boýunça ideg işleri amala aşyrylypdyr.

Mehanizatorlardan ýokary ussatlygy talap edýän bu möhüm agrotehniki çäräniň ýokary hil derejesinde geçirilýändigini belläp geçmek maksada laýykdyr. Gowaça bejergisinde işledilýän tehnikalaryň gurat we saz işledilmeginde welaýatyň «Lebapobahyzmat» önümçilik birleşiginiň etraplardaky «Obahyzmat» önümçilik kärhanalaryna hem-de daýhan birleşiklerine degişli tehnikalaryň güýjünden netijeli peýdalanylýandygyny belläp geçmek möhümdir. Bu işde Kerki, Halaç, Saýat we Dänew etraplarynyň mehanizatorlary has ýokary netijeler gazanýarlar. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda 3-nji we 4-nji ösüş suwlaryny tutmak işleri hem ýokary hil derejesinde alnyp barylýar. Bu bolsa gowaçanyň ýokary hasyllylygyny üpjün etmäge şert döreder.

Welaýatda pagtanyň hasyllylyk derejesini kesgitleýän çäreleriň ýene-de biri – gowaçanyň ujuny çyrpmak işleriniň hem talabalaýyk ýola goýlandygyny bellemek bolar. Häzirki wagta çenli gündogar sebitde bu ugur boýunça ýerine ýetirilen işleriň möçberi 90 müň gektardan geçipdir. Gowaçalaryň ujuny çyrpmak işleriniň welaýatyň Halaç, Kerki, Dänew, etraplarynda has guramaçylykly ýola goýlandygyny hem bellemek bolar. Gündogar sebitde gowaçalara edilýän ideg işleri, welaýatyň oba hojalykçylarynyň şu oba hojalyk ýylynda hem pagtanyň bol hasylyny kemala getirjekdiklerine şaýatlyk edýär.