Ï Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň hünärmenleri Malaýziýadaky kärdeşleri bilen tejribe alyşýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň hünärmenleri Malaýziýadaky kärdeşleri bilen tejribe alyşýarlar

view-icon 2763
Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň hünärmenleri Malaýziýadaky kärdeşleri bilen tejribe alyşýarlar

Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň wekilleri Kuala-Lumpurda sebitde deňiz kuwwatyny ýokarlandyrmak maksatnamasyna gatnaşdy.

Bu çäre hyzmatdaşlygy berkitmek we ylmy tejribe alyşmak maksady bilen ýurduň Ulag ministrliginiň goldawy bilen şu ýylyň 21–25-nji iýuly aralygynda Malaýziýanyň Klang portunyň hünärmenleri tarapyndan guraldy.

Maksatnama Merkezi we Günorta Aziýanyň 15 ýurdundan 29 wekili, şeýle hem Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlary birleşigine (ACEAN) agza ýurtlaryny bir ýere jemledi. Malaýziýaly hünärmenler maksatnama gatnaşýanlar üçin onuň çäginde port işleriniň esasy ugurlary boýunça maslahatlar geçirdiler.

Maksatnama gatnaşanlar portlaryň işini meýilnamalaşdyrmagyň aýratynlyklary bilen tanyşdylar, ýükleme-düşürme amallaryny dolandyrmagy, şol sanda logistika guramaçylygyny öwrendiler. «Klang» porty dünýädäki iň uly konteýner portlarynyň biridir.