Işiň önjeýli ýola goýulmagy netijesinde 7300 gektar ýere mäş, 410 gektar ýere noýba, 560 gektar meýdana bolsa künji ekildi.
Sebit boýunça bu ekinler üçin Akdepe etrabyna beýlekilere garanyňda, has köp ýer bölünip berildi. Mysal üçin, şu ýyl bu ýerde iki ýarym müň tonnadan gowrak mäş, 180 tonna noýba we 135 tonna künji hasylyny ýygnamak meýilleşdirilýär. Köneürgenç, Boldumsaz we S.Türkmenbaşy etraplarynyň zähmetkeşleri mäşi, noýbany we künjini iri öndürijilerdir.
Welaýatyň daýhanlary bu möhüm oba hojalyk önümini ösdürip ýetişdirmekde uly tejribä eýe. Onuň döwrebap ylmy maslahatlar bilen ussatlarça utgaşdyrylmagy olara her ýyl ýokary netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär, şeýlelikde sarp ediş bazaryny isleg bildirilýän azyk önümleri bilen üpjün etmäge we öndürilen hasylyň we belogyň mukdaryny artdyrmaga goşant goşýar.
Şunlukda, ekin idegi boýunça öz wagtynda geçirilýän agrotehniki çäreleriň netijesinde, bu ýerdäki mäşiň ortaça hasyly her gektardan 15 sentnere, künji 10 sentnere ýetýär. Mundan başga-da, bu ekinleriň beýleki ekinler bilen gezekleşdirilip ekilmegi oba hojalygynyň we topragyň biodürlüliginiň ýokarlanmagyna kömek edýär.