BMG-niň binasynda Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça Milli iş toparynyň mejlisi boldy, bu ýerde gyzyklanýan taraplar gazanylan üstünliklere baha berdiler we ileri tutulýan milli ugurlary hem bütindünýä borçnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça öňde duran işler barada ylalaşdylar.
Duşuşyga gatnaşanlar DÖM-iň hasabaty üçin milli ýol kartasynyň ýerine ýetirilişini gözden geçirdiler we 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlary üçin milli görkezijileriň teklip edilýän maksat bahalaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Gün tertibindäki esasy mesele resminamada görkezilmeli DÖM-lary kesgitlemek bilen birlikde, Türkmenistanyň üçünji meýletin milli synyny taýýarlamak boldy. DÖM görkezijileriniň bütindünýä ulgamynda bolup geçen soňky üýtgeşmeler bilen baglanyşyklylykda bilermenler, halkara ülňülerine laýyklygy üpjün etmek üçin, görkezijileriň milli ülňülerindäki zerur düzedişlere garap geçdiler.
Duşuşykdan soň indiki edilmeli işler beýan edildi we 2030-njy ýylyň Durnukly ösüş gün tertibine ýetmekde hyzmatdaşlygy dowam etdirmek baradaky umumy borçnama tassyklandy.