Ï Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda sebitleýin okuw maslahaty geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda sebitleýin okuw maslahaty geçirildi

view-icon 2783
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda sebitleýin okuw maslahaty geçirildi

2025-nji ýylyň 28-29-njy iýuly aralygynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda «Deňiz portlarynda howpsuzlyk we töwekgelçilikleri dolandyrmak» atly sebitleýin okuw maslahaty geçirildi.

Okuw maslahaty Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi (UNODC) bilen hyzmatdaşlykda guraldy. Maslahata Türkmenistandan başga-da Azerbaýjanyň, Albaniýanyň, Çernogoriýanyň, Gazagystanyň, Pakistanyň we BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň wekilleri hem-de beýleki halkara hyzmatdaşlar gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda deňiz ulaglary ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge aýratyn üns berildi.

Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň gümrük edaralarynda degişli gözegçiligi amala aşyrmak üçin döredilen şertlere, şeýle hem Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerine ýokary baha berdiler.