Ï Tebigy taýdan arassa, datly içgileriň öndürilişi has-da artýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Tebigy taýdan arassa, datly içgileriň öndürilişi has-da artýar

view-icon 3306
Tebigy taýdan arassa, datly içgileriň öndürilişi has-da artýar
camera-icon
Andreý Pakulow

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolup durýan önümçilik düzümleri maksadalaýyk işleri durmuşa geçirýärler. Olar mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 34, hemişelik Bitaraplygymyzyň şöhratly 30 ýyllyk baýramlarynyň giňden belleniljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň her bir gününi guwandyryjy zähmet görkezijilerine besleýärler. 

Balkan welaýatynyň merkezi Balkanabat şäherindäki «Zürýada hyzmat» hususy kärhanasynyň hünärmenleri-de gazlandyrylan alkogolsyz içgileriň, şeýle-de arassalanan agyz suwunyň önümçiligini üstünlikli alyp barýarlar. «Dam-dam» ady bilen öndürýän datly içgiler bolsa bu gün ýokary hil derejesi bilen tapawutlanýar. Teşneligiňi gandyrýan dürli görnüşli datly içgiler Hytaýdan, Russiýadan, Germaniýadan satyn alnan kämil tehnologik enjamlarynyň sazlaşykly işledilmegi arkaly öndürilýär. Olara kärhanada bir çalşykda zähmet çekýän hünärmenleriň onlarçasy ussatlyk bilen erk edýärler. Bu ýerde gazlandyrylan alkogolsyz içgileriň ýylda ortaça 8 million 500 müň litrini, gaplanan arassa agyz suwunyň hem 15 million litrini döwrebap derejede öndürmäge doly mümkinçilik bar. Şeýlelikde, içerki sarp edijileriň yzygiderli artýan isleglerinden ugur alyp, iş depginlerini has-da ýokarlandyrýan hususy kärhananyň hünärmenleri degişli önümleri öndürmekde görnükli zähmet görkezijilerini gazanýarlar. Has takygy, olar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň geçen 7 aýynda hususy kärhanada 5 million litre golaý alkogolsyz içgileri we 8 million 750 müň litr gaplanan agyz suwuny öndürdiler. 

Kärhananyň önümçilik bölümine suw Bereket etrabynyň Ýasga ýerasty tebigy kölünden gaýdýan suw geçirijiler bilen getirlip, ýerlikli ulanylýar. Şeýle-de gelip gowuşýan agyz suwy ýokary hilli süzgüçlerde iki tapgyrda talabalaýyk arassalanyp, ýene barlaghana gözegçiliginden pugta geçirilýär. Munuň özi, çig malyň ekologiýa taýdan arassalygyny, medeni-durmuş maksatlary üçin ygtybarly çeşmedigini şertlendirýär. Soňra ýöriteleşdirilen uly göwrümli gaplarda ýerleşdirilen tebigy agyz suwy kuwwatly enjamlaryň kömegi bilen gazlandyrylýar, şol sanda oňa hoşboý ysydyr tagam beriji şireler goşulýar. 

Ýeri gelende aýtsak, taýýar görnüşe getirilen gazlandyrylan alkogolsyz içgileri we arassalanan agyz suwuny 0,5, 1, 1,5, 5 we 20 litrlik göwrümlerdäki gaplara gaplamak işleri önümçiligiň kämil awtomatlaşdyrylan usulynda amala aşyrylýar. Içgileri gaplamak üçin zerur bolan polietilen gaplaryň ilkinji çig maly bolsa Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda ýerleşýän «Uly çynar» hojalyk jemgyýetinden satyn alynýar. Olar kärhananyň degişli önümhanasynda gaýtadan işlenilip, dürli görnüşli datly içgileriň hem-de arassalanan agyz suwunyň her günde müňlerçe litri täzeligi bilen müşderilere ýetirilýär. 

– Tomsuň häzirki yssy günlerinde jana şypaly, arzyly önümlerimize sarp edijiler örän köp isleg bildirýärler. Şeýle bolansoň ähli tagallalary birleşdirip, Günbatar sebitimiziň ýaşaýjylaryny dürli görnüşli, bäsleşige ukyply, bereketli içgiler bilen yzygiderli üpjün edip durýarys. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bolsa öndürýän önümlerimiziň alyjylaryň sag bolsunlaryna, alkyşlaryna mynasyp bolýandygyna guwanýarys. Mümkinçilikden peýdalanyp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda zähmet çekmäge, önüm bolçulygyny üpjün etmäge döredip berýän giň şertleridir mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş, hoşallyk sözlerini aýdýaryn – diýip, Balkanabat şäherindäki «Zürýada hyzmat» hususy kärhanasynyň baş inženeri Azatmämmet Söýünmämmedow biziň bilen gürrüňdeş bolanda aýtdy.