Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy ýurdumyzyň ähli künjegindäki gümrük işgärleri üçin uzak aralykdan okuw sapaklaryny geçirmäge mümkinçilik berjek tehniki enjamlar bilen üpjün edildi.
Hususan-da, olaryň arasynda interaktiw displeý, LED paneller, kompýuterler, monitorlar, mikrofon, 360 gradus hereket edip bilýän kameralar hem-de wideo dolandyryş toplumy bar.
Enjamlar Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkezi üçin uzak aralykda okuw konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň çäginde Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça maksatnamasy (BOMCA 10) tarapyndan geçirildi.
Mundan başga-da, bu gulluk ykjam goşundysy boýunça maglumat çärelerinde peýdalanyljak maglumat serişdeleri bilen hem üpjün edildi. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ykjam goşundysynyň Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça maksatnamasy (BOMCA 10) bilen hyzmatdaşlykda işlenip düzülendigini bellemek gerek.