Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň ýolbaşçylary BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna (LLDC3) gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Kipr Respublikasynyň gämi gatnawlary ministriniň orunbasary Marina Hajimonotli bilen duşuşyk geçirdiler.
Duşuşygyň dowamynda taraplar deňiz daşamalary we ulag logistikasy boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Hanym Marina Hajimonotli Türkmenistanyň deňiz infrastrukturasynyň üstünlikleri we Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy.
Şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, şol sanda hünärmenleri taýýarlamak we bilelikdäki maksatnamalary durmuşa geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Söhbetdeşler geçirilen duşuşygyň deňiz we logistika pudaklarynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine hem-de täze başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegine itergi berjekdigine ynam bildirdiler.