BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde 7-nji awgustda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň wekilleri bilen Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça Döwlet sekretariatynyň wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy habar berýär.
Duşuşygyň maksady Awstriýa tarapyny Türkmenistanyň ulag-logistika mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmak, logistikanyň we durnukly ulag ulgamynyň ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr.
Awstriýa wekiliýetiniň agzalaryna Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri, şol sanda onuň häzirki zaman tehniki enjamlaşdyrylyşy, amala aşyrylýan konteýner hyzmatlary hem-de multimodal ýük daşamalary barada giňişleýin maglumat berildi. Wekiliýetiň agzalary portuň çägine baryp, onuň logistika we dolandyryş infrastrukturalary bilen ýerinde tanyşdylar.
Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň çäginden Ýewropa-Aziýa ugurlary boýunça halkara ýük daşamalaryny giňeltmegiň ýollary we ulag geçelgeleriniň özara baglanyşygyny güýçlendirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.