Ï Türkmenistanda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy: gijeler salkynlap başlaýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy: gijeler salkynlap başlaýar

view-icon 5329
Türkmenistanda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy: gijeler salkynlap başlaýar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň çaklamalaryna görä, 18 – 24-nji awgusty aralygynda ýurdumyzda üýtgäp durýan howa garaşylýar. Käbir sebitlerde az-kem ýagyş ýagmagy mümkin. Yssy howanyň iň ýokary derejesi penşenbe güni bolup, howanyň temperaturasy +42 gradusa çenli ýokarlanar. Şeýle-de bolsa, gijelerine howanyň temperaturasy +22...+25 gradus aralygynda maýyl bolar.

Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolar. Gündizlerine +34...+36 gradusdan +40...+42 gradusa çenli yssy, gijelerine +21...+23 gradusdan +25...+27 gradusa çenli maýyl bolar.

Ahal welaýatynda az-kem bulutly howa bolar. Gündizlerine +31...+36 gradusdan +37...+42 gradusa çenli yssy, gijelerine +19...+24 gradusdan +23...+28 gradusa çenli maýyl bolar.

Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolar. Gündizlerine +31...+36 gradus maýyl bolar. Gijelerine +20...+25 gradusdan +24...+29 gradusa çenli maýyl bolar. Kenarýaka sebitlerde howanyň temperaturasy +36 gradus maýyl bolar.

Mary welaýatynda açyk howa bolar. Gündizlerine +31...+36 gradusdan +37...+42 gradusa çenli yssy, gijelerine +18...+23 gradusdan +22...+27 gradusa çenli maýyl bolar.

Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolar. Gündizlerine +31...+36 gradusdan +36...+41 gradusa çenli yssy, gijelerine +17...+22 gradusdan +21...+26 gradusa çenli maýyl bolar.

Daşoguz welaýatynda hepdäniň ahyrynda bulutly howa bolar. Gündizlerine +29...+34 gradusdan +34...+39 gradusa çenli yssy, gijelerine +17...+22 gradusdan +20...+25 gradusa çenli maýyl bolar.