Ï Üçek örtüklerini öndürýän «Päkize aý» HK-nyň önümlerine isleg artýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Üçek örtüklerini öndürýän «Päkize aý» HK-nyň önümlerine isleg artýar

view-icon 5520
Üçek örtüklerini öndürýän «Päkize aý» HK-nyň önümlerine isleg artýar

Ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber aladalary bilen kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek boýunça döredilýän giň şertler özüniň oňyn netijelerini berýär. Şonuň netijesinde Berkarar Diýarymyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da pugtalanmagynda, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekde telekeçilik möhüm orna eýe bolýar.

Häzirki wagtda bu ulgamyň öndüriji güýje öwrülmegi, onuň öndürýän azyk we senagat önümleriniň halkara ülňülerine laýyk gelmegi bu pudagyň önümlerini diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, daşary bazarlarda hem islegli harytlara öwürýär. Ýurdumyzda senagat we durmuş hajatlary üçin zerur bolan, şeýle hem oba hojalyk önümlerini öndürýän, täze häzirkizaman enjamlary bilen üpjün edilen hususy önümçilikleriň sany barha artýar. Şeýle kärhanalaryň biri hem Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Halaç geňeşliginde ýerleşýän, 2021-nji ýylda işe girizilen, asbest-sement üçek örtüklerini öndürýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Päkize aý» hususy kärhanasydyr.

Kärhanada Hytaý Halk Respublikasyndan getirilen kuwwatly enjamlaryň ornaşdyrylmagy önümleriň hil derejesiniň hem-de önüm öndürilişiniň ýokary bolmagyny üpjün edýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda gurulýan binalardyr desgalaryň möçberini hasaba alanyňda bu kärhananyň önümleriniň gurluşyk işlerinde möhüm ähmiýete eýedigine göz ýetirmek kyn däl. «Päkize aý» hususy kärhanasynda işçi hünärmenleriň 50-ä golaýy zähmet çekýär. Olaryň aglabasynyň ýaşlar bolmagy hem guwandyryjy ýagdaýdyr. Önümçilikde robotlaşdyrylan tehnologiýalaryň ulanylmagy, alnyp barylýan işleriň esasy böleginiň awtomatlaşdyrylmagy işleriň öndürijilikli we sazlaşykly alnyp barylmagyny üpjün edýär. Bu ýerde zähmet çekýän işçilerdir hünärmenleriň çylşyrymly tehnologiýany gowy özleşdirmekleri hem-de olaryň yhlasly zähmeti netijesinde ini 1 metr, uzynlygy hem 1 metr 75 santimetr bolan ýokary hil derejeli asbest-sement üçek örtükleriniň bir günde müňe golaýy öndürilýär. Bu ýerde öndürilýän önüm üçin zerur bolan çig malyň 90 göterimine golaýynyň öz ýurdumyzda taýýarlanylmagy önümiň özüne düşýän gymmatynyň azalmagyny, diýmek, taýyn harydyň alyjylar üçin elýeterli bahadan bolmagyny üpjün edýär.

Kärhanada önümçiligiň tehnologik yzygiderligine laýyklykda çig mal görnüşindäki asbest ýörite enjamda owradylýar, ikinji tapgyrynda bolsa sementiň we suwuň goşulmagynda garylýar. Soňra bu önüm ýöriteleşdirilen enjamlarda ýokary basyşda işlenilýär we bellenilen ölçeglere laýyklykda kesilýär, ondan soňky iş ýagdaýynda bolsa, tolkun beriji enjamyň üsti bilen önüme ýörite şekil berilýär. Çig görnüşindäki ýarym taýýar önüm soňra, bug pejine ugradylýar we 5-6 sagadyň dowamynda bişirilýär hem-de guradylýar. Haryt derejesine getirilen taýýar asbest-sement üçek örtükleri awtomatik usulda jemlenilýär we alyjylara «Päkize aý» hususy kärhanasynyň öz awtoulaglarynyň üsti bilen ugradylýar. Bu hususy kärhanada öndürilýän önümleriň hil derejesiniň ýokary bolmagy, oňa bolan islegiň artmagyna getirýär.

Häzirki wagtda bu kärhanada öndürilýän önümler diňe bir içerki bazara ugradylman, eýsem, Owganystan we Özbegistan döwletlerine hem eksport edilýär. Işleri barha rowaçlanýan kärhanada geljekde täze tehnologiýanyň hem-de işiň öndürijiligini ýokarlandyrmagyň hasabyna önümçiligiň gerimini giňeltmek we önümleriň görnüşlerini artdyrmak göz öňünde tutulýar.