Ï Ýurdumyzyň bazarlary ýokary hilli önümler bilen üpjün edilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň bazarlary ýokary hilli önümler bilen üpjün edilýär

view-icon 5176
Ýurdumyzyň bazarlary ýokary hilli önümler bilen üpjün edilýär

Däp bolşy ýaly, şu ýylyň mekdep bazarlarynyň ýokary hilli ýerli önümler bilen üpjün edilmeginde Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Daşoguzdaky «Çeper» tikin fabriginiň ussat tikinçileri hem mynasyp goşant goşdular. Olar umumy bilim berýän mekdepleriň okuwçylary üçin dürli görnüşli geýimleriň uly tapgyryny taýýarladylar.

Olaryň arasynda gyzlar üçin mekdep köýnekleri we penjekleri, zähmet sapaklary üçin ýörite eşikler, öňlükler, sport eşikleri üçin ýörite torbalar bar. Ulanylýan matalaryň berkligi we ekologiýa taýdan arassalygy sebäpli fabrigiň önümleri alyjylaryň arasynda uly isleg döredýär.

Häzirki wagtda Daşoguzdaky «Çeper» tikin fabrigi ýurdumyzyň sarp edijilik bazaryna onlarça görnüşli geýim, ýorgan-düşek hem-de hojalyk dokma önümleri bilen yzygiderli üpjün edýän iri kärhananyň biridir. Diňe şu ýylyň dowamynda fabrigiň dürli görnüşli önümlerini tikmek boýunça meýilnamasynyň umumy möçberi 20 million manatdan hem geçýär.

Önümçilikde şeýle ýokary netijelilige ýetmekde fabrigiň ýokary tehnologiýaly ýöriteleşdirilen enjamlar bilen üpjün edilmegi, önümleriň görnüşleriniň alyjylaryň isleglerine we talaplaryna laýyklykda çalt täzelenmegi, önümçilik işleriniň yzygiderli kämilleşdirilmegi hem-de ähli tapgyrlarda hil gözegçiliginiň amala aşyrylmagy bu ugurda üstünlikli işleriniň alnyp barylmagyny üpjün edýär. Şeýle hem tikinçileriň ýokary hünär derejesi we zähmeti guramagyň netijeli usullarynyň ornaşdyrylmagy fabrigiň üstünlikli ösüşine itergi berýär.