Ï Pagta hasyly möwsümine taýýarlyk işleri tamamlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Pagta hasyly möwsümine taýýarlyk işleri tamamlandy

view-icon 5780
Pagta hasyly möwsümine taýýarlyk işleri tamamlandy

Ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde çig pagta hasylyny ýygnamak üçin taýýarlyk ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi.

«Daşoguzpagta» önümçilik birleşiginiň pagta arassalaýjy kärhanalarynda hem-de çig pagta saklamak we ammara ýerleşdirmek üçin niýetlenen meýdançalarynda bellenilen möhletlerde tehnologik enjamlaryň we dürli önümçilik desgalaryň abatlaýyş işleri tamamlandy.

Geçirilen çäreler çig pagtanyň ilkinji gaýtadan işlemeginiň ähli tehnologik zynjyry boýunça kabul etmek, saklamak, guratmak, arassalamak, süýümi tohumdan aýyrmak hem-de süýümli serişdeleri basmak ýaly tapgyrlarda ýokary hilli işleri üpjün edilmegine gönükdirilendir.

Birleşigiň her bir kärhanasy, pagta süýüminiň tebigy hilini saklamak bilen bir hatarda, häzirki zaman tygşytlaýjy tehnologiýalary ulanmak arkaly ýokary hilli önüm öndürmäge gönükdirilendir. Şeýle hem ýöriteleşdirilen enjamlary netijeli ulanmak arassalamak we gaýtadan işlemek döwründe pagta we süýümiň ýitgisini azaldar.

Welaýatda şu ýylky pagta ýygnamak möwsümine ýokary öndürijilikli «John Deere» kysymly kombaýnlardan ybarat pagta ýygnalýan tehnikalar hem-de çig pagtany daşamak üçin niýetlenen ulaglar doly taýýarlanyldy.

Şu ýyl sebitiň iň iri çig pagta öndürijileri hökmünde 62 müň tonna hasyl ýygnamak meýilleşdirilýän Akdepe etraby hem-de 30 müň 600 gektar meýdana pagta ekilen Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etraby hasaplanylýar. Ýetişdirilen hasyl «Daşoguz-120», «Daşoguz-114», «Gubadag-3», «Jeýhun», «S4727», «F149» ýaly ýokary hasylly we wagtyň synagyndan geçen orta süýümli pagta görnüşlerinden ybaratdyr.