Berkarar Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylýan dürli desgalardyr binalaryň gurluşyklary ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da pugtalanmagyny, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň mundan bu ýana-da ýokarlanmagyny üpjün etmeklige gönükdirilendir. Ykdysady we medeni-durmuş taýdan ösüşleriň binýadynyň özeni bolan gurluşyk işleriniň bökdençsiz dowam etmekligi üçin ýokary hilli gurluşyk materiallaryny ýeterlik mukdarda öndürmeklik hem esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Hut şu maksat bilen ýurdumyzda gurluşyk işleri üçin zerur bolan önümleri öndürmeklige niýetlenen kuwwatly kärhanalaryň onlarçasy hereket edýär. Şeýle önümçilikleriň biri hem Gündogar sebitiň merkezi şäheriniň 2-nji senagat zolagynda ýerleşýän Türkmenabadyň «Demirbetonönümleri» kärhanasydyr. Döwrebap tehnologiýalar, ýagny, Germaniýa, Italiýa, Türkiýe ýaly döwletlerden getirilen enjamlar bilen üpjün edilen bu kärhanada demirbeton önümlerine degişli içi boşlukly örtgi plitalary, ýollaryň gyralaryna niýetlenen jähek daşlary, demirbeton sütünleri we bloklary, diwar üçin beton daşlary, şeýle hem öýlere niýetlenen agaçdan we ýörite alýuminiden gapylar, äpişgeler, mebelleriň dürli görnüşleri öndürilýär. Kärhanada kärine ussat işçi-hünärmenleriň 150-den gowragy zähmet çekýär.
Kärhananyň demirbeton önümlerini öndürýän bölümi beton garyjy, armatur hem-de galyplaýjy önümhanalardan ybarat. Işleriň guramaçylykly ýola goýulmagy hem-de kämil tehnologiýalaryň güýjünden netijeli peýdalanylmagy netijesinde şu ýylyň geçen ýedi aýynda 12 müň 400 kub metre golaý demirbeton önümleri taýýarlanylyp, degişli döwür üçin bu baradaky meýilnama artygy bilen amal edilipdir, geçen ýylyň şu döwri bilen deňeşdirilende demirbeton önümlerini öndürmekligiň ösüş depgini hem 104 göterime golaý amal edilipdir. Kärhananyň önümçiligi üçin zerur bolan önümler Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň kän müdirliklerinden, ýurdumyzyň «Demirönümleri» kärhanasyndan, Ýaşlyk keramzit we Lebap sement zawodlaryndan getirilýär. Kärhanada ýörite barlaghananyň hereket edýändigini, onuň bu ýerde öndürilýän gurluşyk önümleriniň hil derejesiniň ýokary bolmagynda möhüm ähmiýete eýedigini hem belläp geçmek bolar.
Döwrebap kärhanada 3 gektar ýerde ýerleşýän agajy gaýtadan işleýän we polat önümleri bölümi hereket edýär. 2020-nji ýyldan bäri işleýän bu bölümde ýörite buýurmalar esasynda edaralar we ýaşaýyş jaýlaryň otaglary üçin dürli mebeller, gapylar we äpişgeler ýasalýar. Bu bolsa kärhanada önümçiligiň çygryny giňeltmek maksady bilen yzygiderli gözlegleriň alnyp barylýandygynyň subutnamasydyr. Türkmenabadyň «Demirbetonönümleri» kärhanasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda alnyp barylýan tutumly işler, ýetilýän belent sepgitler Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 34 ýyllyk toýuna, şeýle hem ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramyna bu ýerde zähmet çekýän zähmetsöýer işçi-hünärmenleriň mynasyp sowgady bolar.