Ï Logistika ulgamynyň möhüm baglaýjy halkasy bolmak Türkmenistan bilen ŞHG ýurtlarynyň paýyna düşýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Logistika ulgamynyň möhüm baglaýjy halkasy bolmak Türkmenistan bilen ŞHG ýurtlarynyň paýyna düşýär

view-icon 4961
Logistika ulgamynyň möhüm baglaýjy halkasy bolmak Türkmenistan bilen ŞHG ýurtlarynyň paýyna düşýär

Häzirki ösüş şertlerinde Gündogar – Günbatar we Demirgazyk – Günorta ugurlary boýunça üpjünçilik ýoluny gurmak üçin hakyky mümkinçilikler bar. Bu ýolda esasy baglaýjy halka bolmak wezipesi ŞHG ýurtlarynyň we Türkmenistanyň paýyna düşýär. Muny Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «ŞHG+» sammitinde eden çykyşynda aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen ŞHG-niň arasyndaky işewür hyzmatdaşlygyň dürli ölçegleriniň we görnüşleriniň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň üstüni ýetirmek arkaly baýlaşdyryp biljekdigine, hyzmatdaşlyk gözýetimini uzak möhletleýin we özara peýdaly esasda giňeltmek bilen, iri sebit we halkara taslamalary meýilleşdirmek hem durmuşa geçirmek üçin amaly şertleri döredip biljekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti tagallalaryň we mümkinçilikleriň maksada laýyklykda birleşdirilmegi Aziýa-Ýuwaş umman sebitini, Merkezi we Günorta Aziýany, Russiýany, Orta we Ýakyn Gündogary-da öz içine alýan 

Ýuwaş ummandan Baltika deňzine çenli uzaýan bitewi geoykdysady giňişligi kemala getirmek üçin şertleri döretmäge ukyply boljakdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz bu nukdaýnazardan hakyky artykmaçlyklara, özara bähbide hem-de dünýä geo-ykdysadyýetine üstünlikli goşulyşmaga düşünmek bilen, Türkmenistanyň ŞHG-niň obýektiw artykmaçlyklaryny, özara bähbitlerini, ählumumy geoykdysadyýete üstünlikli goşulyşmagyny nazara almak bilen, ulag strategiýalarynyň utgaşdyrylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.