Ï Hem şypaly, hem sapaly «Nebitçi»
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hem şypaly, hem sapaly «Nebitçi»

view-icon 5066
Hem şypaly, hem sapaly «Nebitçi»
Hem şypaly, hem sapaly «Nebitçi»
Hem şypaly, hem sapaly «Nebitçi»
Hem şypaly, hem sapaly «Nebitçi»
Hem şypaly, hem sapaly «Nebitçi»
Hem şypaly, hem sapaly «Nebitçi»
Hem şypaly, hem sapaly «Nebitçi»
Hem şypaly, hem sapaly «Nebitçi»
Hem şypaly, hem sapaly «Nebitçi»
Hem şypaly, hem sapaly «Nebitçi»
Hem şypaly, hem sapaly «Nebitçi»
Hem şypaly, hem sapaly «Nebitçi»
Hem şypaly, hem sapaly «Nebitçi»
Hem şypaly, hem sapaly «Nebitçi»
Hem şypaly, hem sapaly «Nebitçi»
Hem şypaly, hem sapaly «Nebitçi»
Hem şypaly, hem sapaly «Nebitçi»
Hem şypaly, hem sapaly «Nebitçi»
Hem şypaly, hem sapaly «Nebitçi»
Hem şypaly, hem sapaly «Nebitçi»
camera-icon
Andreý Pakulow

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň saglygy barada edilýän toplumlaýyn häsiýetdäki aladalar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da giň gerime eýe bolýar. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň sebitlerindäki şypahanalarda alnyp barylýan maksadalaýyk işler hem bütin aýdyňlygy bilen güwä geçýär.

Günbatar sebitiň merkezi Balkanabat şäherinde, Uly Balkan dagynyň eteginde ýerleşýän «Nebitçi» şypahanasy hem şolaryň hatarynda tanalýar. «Türkmennebit» döwlet konserniniň düzümindäki bu melhemler mesgeni raýatlaryň dynç alýan, saglygyny berkidýän arzyly mekany hasaplanýar. 

Indi 36 ýyldan bäri il-ulsumyza hyzmat edip gelýän «Nebitçi» şypahanasy geçen döwürde giň meşhurlyk gazandy. Häzirki wagtda şypahanada öňdebaryjy lukmançylyk tejribelerine esaslanyp, bejerişiň kämil usullary ulanylýar. Şeýle işlerde-de welaýatyň çägindäki tebigy serişdelere aýratyn ähmiýet berlip, döwrebap tehnologiýalar arkaly utgaşdyrylýar.

«Nebitçi» şypahanasy 4 gatly we 100 orunlyk bolup, özboluşly binagärlik keşbidir amatly ekologik gurşawy bilen tapawutlanýar. Bu ýeriniň Uly Balkan dagynyň, onuň bezegi bolan Saglyk ýolunyň eteginde ýerleşmegi, galyberse-de şypahananyň gözel ymaratynyň daş-töwereginiň bagy-bossanlyga, güllere beslenmegi bitewi sazlaşygy, gözelligi döredýär. 

Şypahana 2012-nji ýylda düýpli abatlanyp, dünýä ülňülerine laýyk gelýän ösen lukmançylyk enjamlary, şeýle-de ählitaraplaýyn amatly şertlerdir mümkinçilikler bilen üpjün edildi. Bu ýerde saglygy bejeriş, dikeldiş, fizioterapiýa hem-de birnäçe görnüşli melhemlik suwlar, palçyklar bilen bejeriş bölümleri bar. Aýratyn-da, beden agzalarynyň işjeňligini güýçlendirmek, nerw ulgamyny rahatlandyrmak babatda degişli bejergiler geçirilýär. Şeýle-de palçyklaryň, owkalamanyň, örtgi bejergileriniň üsti bilen deri we süňk-bogun sökellikleriniň öňüni almakda birnäçe bejergiler berilýär. Saglyk hyzmatlarynyň hemmesi hem tejribeli lukmanlardyr şepagat uýalarynyň gözegçiliginde amala aşyrylýar.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem şypahananyň işgärleri has-da tutanýerli, döredijilikli zähmet çekýärler. Olar ilatyň saglygyny berkitmekde bejerişiň görnüşlerini yzygiderli artdyrmak ugrunda-da irginsiz tagallalar edýärler. Häzirki zamanyň ösen hil ülňülerine laýyk gelýän kämil lukmançylyk enjamlaryna, döwrebap üpjünçilige eýe bolan «Nebitçi» şypahanasynyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, hözirini görýän bagtyýar raýatlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň egsilmez alkyş, hoşallyk sözlerini aýdýarlar.