Ï Türkmen wekiliýeti CAREC-iň Gümrük hyzmatdaşlygy komitetiniň 24-nji mejlisine gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen wekiliýeti CAREC-iň Gümrük hyzmatdaşlygy komitetiniň 24-nji mejlisine gatnaşdy

view-icon 5810
Türkmen wekiliýeti CAREC-iň Gümrük hyzmatdaşlygy komitetiniň 24-nji mejlisine gatnaşdy

3-4-nji sentýabrda Gyrgyzystanyň Bişkek şäherinde Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC) maksatnamasynyň Gümrük hyzmatdaşlygy komitetiniň 24-nji ýygnagy geçirildi.

2024-2025-nji ýyllar üçin Gümrük hyzmatdaşlygy komitetiniň iş meýilnamasynyň çäginde sebitleýin we milli taslamalaryň durmuşa geçirilişine syn bermek, söwdany ýeňilleşdirmek başlangyçlaryny ara alyp maslahatlaşmak we töwekgelçiligi toplumlaýyn dolandyrmak, sebitleýin üstaşyr amallary ýönekeýleşdirmek, kagyzsyz söwdany sanlylaşdyrmak we ösdürmek hem-de «ýaşyl gümrük» ýörelgelerini girizmek ýaly hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň meýilnamasyny düzmek duşuşygyň esasy maksady boldy.

Duşuşykda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyna gullugyň gümrük gözegçiligi guramak bölüminiň müdiri we şol bölümiň işgäri wekilçilik etdi. Wekiliýet gümrük dolandyryşy babatynda häzirki milli taslamalar, ýagny sanlylaşdyrmak, üstaşyr amallary gowulandyrmak we CAREC-iň çäginde hyzmatdaşlygy ösdürmek babatynda ädilen ädimler barada çykyş etdi.

Netijede, Gümrük hyzmatdaşlygy komitetiniň 2025-2026-njy ýyllar üçin iş meýilnamasynyň taslamasy ylalaşyldy we GHK-niň 24-nji mejlisiniň beýany kabul edildi.