Şu ýylyň 3 – 5-nji sentýabry aralygynda Gyrgyzystan Respublikasynyň Bişkek şäherinde Merkezi Aziýada Serhetleri Dolandyrmak Maksatnamasynyň (BOMCA-10) 10-njy tapgyrynyň tamamlanmagyna bagyşlanan çäreler geçirildi. Çärelere ýurdumyzyň degişli edaralarynyň wekilleri bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Okuw merkeziniň müdiriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet hem gatnaşdy.
2021-nji ýylyň aprelinden 2025-nji ýylyň sentýabryna çenli durmuşa geçirilen BOMCA-10 maksatnamasynyň esasy ugurlary serhetleri dolandyrmak boýunça işleri kämilleşdirmek, kanuny söwdany ýeňilleşdirmek, serhetüsti hyzmatdaşlygy ösdürmek we serhetýaka sebitlerde ilatyň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmakdan ybarat boldy.
4-nji sentýabrda maksatnamanyň ýardam etmeginde döredilen Gyrgyzystan Respublikasynyň Serhet gullugynyň merkeziniň Seljeriş merkeziniň açylyş dabarasy boldy.
5-nji sentýabrda Bişkek şäherindäki «Şeraton» myhmanhanasynda geçirilen jemleýji maslahatda maksatnamanyň netijeleri jemlenildi we indiki 11-nji tapgyrynyň geljegi kesgitlenildi. Türkmenistanyň döwlet gümrük gullugynyň wekiliýeti Maksatnamanyň çäginde serhetleri dolandyrmak babatda işleriň güýçlendirilişi, hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak we beýleki ugurlar boýunça tejribelerini paýlaşdylar.