Ï Türkmenistanda pagta ýygymy üç günden başlaýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda pagta ýygymy üç günden başlaýar

view-icon 4390
Türkmenistanda pagta ýygymy üç günden başlaýar

Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda pagta ýygymynyň 10-njy sentýabrda başlanjakdygyny habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk pudagynda möhüm hem jogapkärli möwsümiň başlanandygyny belläp, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda pagta ýygymyna girişmek üçin ak pata berdi. Halkymyzyň asylly däbine görä, hormatly ýaşululardan pagta ýygymyna badalga bermeklerini haýyş etdi. Hormatly Prezidentimiz edermen pagtaçylara, ähli oba hojalyk işgärlerine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz geljek ýylyň hasyly üçin ýokary hilli tohumlar bilen güýzlük bugdaý ekişiniň ýokary derejede geçirilmegini hem-de agrar pudagynyň tehniki serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagyny tabşyrdy.