Ï Zähmet bazaryny ösdürmek baradaky täze Konsepsiýa iş berijiler we olaryň işgärleri üçin amatly şertlere gönükdirilendir
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Zähmet bazaryny ösdürmek baradaky täze Konsepsiýa iş berijiler we olaryň işgärleri üçin amatly şertlere gönükdirilendir

view-icon 3912
Zähmet bazaryny ösdürmek baradaky täze Konsepsiýa iş berijiler we olaryň işgärleri üçin amatly şertlere gönükdirilendir

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasy we Konsepsiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklandy.

Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow kabul edilen resminama bilen baglanyşykly meseleleriň 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan kesgitlenendigini aýtdy.

Konsepsiýada ýurdumyzda zähmet bazaryny ösdürmegiň maksatlary, wezipeleri, esasy ugurlary hem-de ony durmuşa geçirmekden garaşylýan netijeler beýan edilýär.

Şeýlelikde, ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny göz öňünde tutmak bilen, degişli kanunçylyk binýadyny has-da kämilleşdirmek we bu ugurda sanly hyzmatlaryň gerimini giňeltmek boýunça birnäçe çäreler görler.