Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Sazakly geňeşliginiň Ýaldyr ýap obasynda elektrik geçirijileriniň durkuny täzelemek işleri tamamlandy. Işiň barşynda «Daşoguzenergiýagurluşyk» kärhanasynyň hünärmenleri iki kilometrden gowrak aralykda kuwwaty 0,4 we 10 kilowolt bolan elektrik geçirijileri täzelediler.
Ýerli sarp edijileri üznüksiz elektrik energiýasy bilen üpjün etmek maksady bilen amala aşyrylan bu iş milli özgertmeler maksatnamasynyň çäginde geçirildi. Şeýle hem şu ýylyň dowamynda kärhananyň hünärmenleri Akdepe etrabynyň R.Ataýew geňeşliginiň Päkize we Omarly obalarynda, Agzybirlik geňeşliginiň R.Ataýew obasynda elektrik geçirijileriň käbir ýerlerini çalşyrdylar we Boldumsaz etrabynda elektrik geçirijileriň biriniň durkuny täzelediler. Sebitiň geljekde elektrik energiýasyna boljak zerurlyklaryny göz öňünde tutmak bilen ýerine ýetirilen bu işler, energiýa pudagynyň häzirki zaman talaplaryna laýyklykda, täzeden enjamlaşdyrylmagyna we has ýokary derejä ýetirilmegine goşant goşýar.
Daşoguz welaýatynyň energiýa ulgamynyň ýurduň ýeke-täk energiýa halkasyna girizilmegi üznüksiz işe zyýan ýetirmezden, dürli aragatnaşyk ulgamlaryny abatlamak we döwrebaplaşdyrmak üçin möhüm faktor boldy.