Ï Aşgabatda täze, döwrebap awtobuslar işläp başlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda täze, döwrebap awtobuslar işläp başlar

view-icon 4239
Aşgabatda täze, döwrebap awtobuslar işläp başlar

Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy we hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda paýtagtymyza Hytaýyň ýokary rahatlykly döwrebap 12 metrlik üç gapyly «Yutong» kysymly 700 sany täze ýolagçy awtobuslary gelip gowuşdy.

Ulaglar häzirki zaman sowadyjy, ýolagçylaryň münmegine we düşmegine gözegçilik etmek üçin enjamlar, şeýle hem akylly ýol gözegçiligi hem-de sürüjiniň işine gözegçilik ulgamlary bilen enjamlaşdyrylandyr.

Awtobuslar dürli ýagdaýdaky raýatlaryň isleglerine laýyklykda, mümkinçiligi çäkli ýolagçylar üçin-de uýgunlaşdyrylypdyr we duralgalara gelendigi barada sesli maglumat ulgamy bilen üpjün edilendir.

Ýolagçylaryň rahatlygyndan başga-da, täze awtobuslarda daşky gurşawyň arassaçylygyna aýratyn üns berilýär. Olaryň hereketlendirijileri ýokary ekologiýa häsiýetli «Euro-5» ölçeglerine laýyk gelýär.

Täze awtobuslar ýakyn wagtda şäheriň köçelerine çykyp, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary üçin has amatly hereketi üpjün ederler. Ýol hakynyň tölegi amatly sanly ulgam arkaly amala aşyrylar.

Täze awtobuslaryň gelmegi raýatlary daşamak üçin edilýän hyzmatlaryň sanyny artdyrmaga we hilini gowulandyrmaga gönükdirilen parasatly hökümet syýasatynyň ýene bir mysaly boldy. Mundan öň «Yutong» kysymly awtobuslary Aşgabat şäherinde özüni gowy tarapdan görkezmek bilen, synagdan üstünlikli geçdiler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň uzakdan öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde paýtagtymyzyň ulag ulgamy döwrebap, amatly we hemmeler üçin elýeterli bolmak bilen, döwrebap ösüşiniň täze derejesine çykýar.