Ï Garaşsyzlyk baýramyna zähmet sowgatlary bilen
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Garaşsyzlyk baýramyna zähmet sowgatlary bilen

view-icon 5823
Garaşsyzlyk baýramyna zähmet sowgatlary bilen

Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň çäginde ýerleşýän «Dostluk» galla önümleri kärhanasy ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 34 ýyllyk baýramyna mynasyp zähmet sowgatlary bilen barýar. Muňa kärhananyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň geçen sekiz aýynyň görkezijileri hem aýdyň şaýatlyk edýär. 

Welaýatyň Kerki, Hojambaz we Köýtendag etraplaryny un bilen üpjün edýän bu kärhanada işçi-hünärmenleriň 440-a golaýy iki iş çalşygynda zähmet çekýär. Ýurdumyzyň Garaşsyzlyga eýe bolan ýyllarynyň dowamynda kämil tehnologiýalar bilen üpjün edilen bu kärhanada işleriň guramaçylykly ýola goýulmagy netijesinde her gün 85 — 90 tonna un taýýarlanylyp, önüm öndürmek boýunça her aýyň meýilnamasy artygy bilen ýerine ýetirilýär. «Dostluk» galla önümleri kärhanasynda ýylyň başyndan bäri 18 müň 136 tonna bugdaý täzeden işlenilip,13 müň 602 tonna un öndürilipdir. Bu bolsa kärhana boýunça degişli döwür üçin meýilnamanyň artygy bilen amal edilendigini aňladýar. Bu ýerde işleriň sazlaşykly ýola goýulmagy gazanylýan üstünligiň girewidir. 

Kärhana işlenmek üçin bugdaýyň getirilmeginden başlap, taýyn önümiň, ýagny, unuň gaplanmagyna we degişli ýerlere ugradylmagyna çenli berk gözegçilikde saklanylmagy, şeýle hem her bir işçiniň ýa-da hünärmeniň öz işine jogapkärli çemeleşmegi berlen tabşyrygy ýerine ýetirmäge ýardam edýär. Bulardan başga-da kärhanada ýörite barlaghana bolup, ol öndürilýän önümiň hil derejesini ýokary derejede saklamaklyga mümkinçilik berýär. 

Kärhanada diňe bir bugdaýy täzeden işlemeklik bilen çäklenilmän, eýsem, şalyny arassalamak işleri hem ýola goýlupdyr. Ýylyň başyndan bäri bu ýerde 930 tonna şaly taýýarlanylyp, sarp edijilere ýetirilipdir.

Çekýän zähmetleri bagtyýar halkymyzyň desterhanlaryna rysgal-bereket bolup barýan «Dostluk» galla önümleri kärhanasynyň agzybir zähmet toparynyň gazanýan üstünlikleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk baýramyna mynasyp toý sowgadydyr.