Ï Garaşsyzlyk toýumyza zähmet sowgatlary bilen barýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Garaşsyzlyk toýumyza zähmet sowgatlary bilen barýarlar

view-icon 4446
Garaşsyzlyk toýumyza zähmet sowgatlary bilen barýarlar

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», şeýle-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 – 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde durmuşa geçirilýän halk, Watan bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işler Diýarymyzyň durnukly ösüşini şertlendirýär. Taryhy maksatnamalarda göz öňünde tutulan gurluşyk işleriniň üstünlikli amala aşyrylmagyna hem Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabyndaky Balkan kän müdirliginiň işçileridir hünärmenleri saldamly goşantlaryny goşýarlar.

Günbatar sebitiň geografik taýdan amatly ýerleşişi, gazylyp alynýan tebigy baýlyklara, magdan känlerine baýlygy, şeýle-de uzak geljegi nazarlaýan ykdysady mümkinçilikleri hem müdirlikde işleriň belent görkezijilere beslenýändigine güwä geçýär. Häzirki zamanyň döwrebap tehnologiýalaryna, önümçilik tehnikalaryna daýanyp, olaryň güýjünden ýerlikli peýdalanýan kärhanada öndürilýän gurluşyk serişdelerem bu gün ýokary hil derejeleri bilen aýratyn tapawutlanýar.

Häzirki wagtda Günbatar sebitiň etrap-şäherlerinde, oba-şäherçelerinde gurluşyk işleriniň gyzgalaňly dowam edýändigini aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Ýerlerdäki dürli maksatly binalary, desgalary gurluşyk serişdeleridir magdan däl materiallary bilen ygtybarly üpjün etmekde Balkan kän müdirliginiň zähmet topary hasam maksadalaýyk işleri bitirýärler. Şeýle önümler eziz Diýarymyzyň çar künjeginde alnyp barylýan möhüm gurluşyklara buýurmalar esasynda awtomobil we polat ýollar arkaly yzygiderli ugradylyp durulýar.

Öňdebaryjy kärhanada şu ýylyň başyndan bäri 31 million 275 müň manatlyk magdan däl serişdeleri öndürilip, bellenilen meýilnama 103 göterim berjaý edildi. Geçen hasabat döwründe hem 1 million 711 müň kub metre golaý magdan däl serişdeleri taýýarlanyp, degişli buýurmalar boýunça ugradyldy. Şeýle-de düzüminde demir magdany bolan dag jynsyny taýýarlamakda oňat netijeler gazanylyp, önümçilik meýilnamasy 111 göterim ýerine ýetirildi. Kärhanada keramiki kerpiji we diwar beton daşyny öndürmekde-de ýokary ösüşler üpjün edildi.

Şu günlerde bolsa kärhananyň agzybir işçi-hünärmenleri gazanylan üstünlikler bilen çäklenmän, buýsançly dowam edýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda uludan toýlanylýan beýik Garaşsyzlygymyzyň şöhratly 34 ýyllyk baýramyny guwandyryjy sepgitlere beslemek üçin has-da öndürijilikli işleýärler.