Ï Türkmenistanda karbamid öndürjek iri senagat toplumynyň gurluşygy başlanar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda karbamid öndürjek iri senagat toplumynyň gurluşygy başlanar

view-icon 3251
Türkmenistanda karbamid öndürjek iri senagat toplumynyň gurluşygy başlanar

«Mitsubishi Heavy Industries Ltd.» (Ýaponiýa) we «Gap Inşaat Ýatirim ve Diş Tiсaret Anonim Şirketi» (Türkiýe Respublikasy) Türkmenistanda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürjek senagat toplumyny gurar. 

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine bu kompaniýalar bilen toplumyň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berýän Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Bu toplum Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda gurlar.

Resminamada gurluşyk işlerine 2026-njy ýylyň iýul aýynda başlamak we toplumy 2030-njy ýylyň fewral aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.