Her ýylyň tylla güýzünde ata Watanymyzda mukaddes Garaşsyzlyk baýramynyň dabaralary giň gerime eýe bolýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bolsa türkmen Garaşsyzlygynyň şanly 34 ýyllyk toýy uly dabaralara beslenip bellenilýär.
23-nji sentýabrda Türkmen döwlet medeniýet institutynda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli geçirilen «Türkmenistanda Garaşsyzlyk ýyllarynda ösüşiň täze tapgyry: medeniýet we sungat» atly ylmy-amaly maslahat hem şeýle dabaralary çäreleriň biri boldy. Maslahatyň zehinli talyp ýaşlaryň ýerine ýetiren aýdym-sazlary bilen utgaşdyrylmagy bolsa dabaranyň baýramçylyk ähmiýetini has-da artdyrdy.
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň halypa mugallymlarydyr talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda geçirilen ylmy-amaly maslahatda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlamagy we hormatly Prezidentimiziň dowamata beslemegi bilen ýetilen belent sepgitler barada gyzykly gürrüňler berildi, ylmy çykyşlar diňlenildi.

Maslahatda ilkinjileriň hatarynda institutyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymlary Enebaý Garajaýewa bilen Ejebaý Aşyrowa çykyş etdi. Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitaplaryndaky türkmen Garaşsyzlygynyň gymmaty barada aýdylanlardan okalmagy has-da täsirli boldy. Bulardan başga-da dabaraly maslahatda institutyň mugallymlary Maýsa Ataýewa, Dursun Tatowa, Gülaýym Meredowa, Aýgözel Rahmanowa, Şadymuhammet Atahanow, Döwran Baýlyýew, Sähra Ýomutbaýewa, Tawus Gylyjowa, Maral Meredowa, Oguljahan Geldimyradowa dagynyň çykyşlary diňlenildi.
«Garaşsyzlyk baýramy türkmen halkynyň naýbaşy toýudyr, berkararlygyň, bagtyýarlygyň dabaralanmasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk ýörelgesini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde Watanymyzyň baş baýramynyň il agzybirliginde, ýurt parahatçylygynda giňden bellenip geçilýänligi döwletlilikden, bagtyýarlykdan alamatdyr. Bu baýram halkymyzy ösüşiň we rowaçlygyň ak ýolunda belent maksatlara ruhlandyrýar, kalplara joşgun berýär» diýip, Dünýä tejribesini öwreniş kafedrasynyň mugallymy Gülälek Hallyýewa çykyşynda uly ruhubelentlik bilen belläp geçdi.
Mukaddes Garaşsyzlygymyz hem-de hemişelik Bitaraplygymyz döwlet syýasatynyň mizemez sütünleridir. Türkmen topragynda ýaşaýan bagtyýar halkymyz Garaşsyzlygyň eçilýän miwelerini her ädimde görüp we duýup ýaşaýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan saýlap alan milli ösüş ýolunyň berkdigini we netijelidigini subut etdi. Şonuň üçin ýurdumyzyň Garaşsyzlygyna guwanyp, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de pajarlap ösmegi ugrunda raýatlarymyzyň, esasan hem biz – türkmen ýaşlarynyň yhlasy, tutanýerliligi, zähmetsöýerligi, maksadaokgunlylygy zerurlyk bolup durýar.

Bu barada hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz Watanymyz öz ösüşiniň täze basgançaklaryna bedew bady bilen gadam basýar. Ösüşleriň hem-de özgerişleriň aýdyň ýolundan beýik hem-de röwşen geljegine barýar. Biziň alyp barýan syýasatymyz Garaşsyz, Bitarap döwletimizi syýasy, ykdysady, hukuk we medeni taýdan berk binýatly, kuwwatly ýurda öwürmekden, halkymyzy bagtyýar, parahat, eşretli durmuşda ýaşatmakdan ybaratdyr. Agzybir halkymyz, şol sanda mähriban ýaşlarymyz hem ýurdumyzyň syýasy durnuklylygyny, okgunly öňe gitmegini, ähli pudaklaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmäge mynasyp goşantlaryny goşýarlar» diýip belläp geçýär.
Şeýle hem çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan oňyn döwlet syýasaty netijesinde ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadan durmuşynyň bähbidine amala aşyrylýan beýik işler, türkmen halkynyň ruhubelentligi we watançylyk duýgusy, parahatçylyga hem-de döredijilige ygrarlylyk wasp edildi.
Täsirli çykyşlara hem-de Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, döwrümiziň ösüşleriniň waspy ýetirilen aýdym-sazlara beslenen dabaranyň ajaýyp jemlenmesine öwrülen watançylyk aýdymynyň ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen ýerine ýetirilmegi mugallymlardyr talyp ýaşlaryň şatlygyny, buýsanjyny goşalandyrdy.